DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Ilçisi Wengriýanyň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy

Budapeşt şäheriniň “Sandor” Prezident köşgünde Ilçi H.Amannazarowyň Wengriýanyň Prezidenti Katalin Nowaka Türkmenistanyň Wengriýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Wena şäheri) hökmünde ynanç hatlarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi.

Ynanç hatlaryny gowşurylyş dabarasynyň dowamynda Ilçi Wengriýanyň Prezidenti Katalin Nowaka Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan mähirli salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Wengriýanyň Prezidenti Katalin Nowak Türkmenistanyň ýolbaşçylygynyň adyndan mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, öz gezeginde, Ilçiden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa iň gyzgyn we hoşniýetli salam sözlerini, Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuwlaryny ýetirmegi haýyş etdi.

Ýene-de okaň

Parižde Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň medeni-sazly agşamy geçirildi

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi

Türkmenistanyň we Gruziýanyň alymlary bilelikde milli golýazmalary öwrenmäge başladylar

Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasy mini-futbol ýaryşyny gurnady

Täze Zelandiýada ahalteke atlaryny ösdürmek ýetişdirmekde tagallalar edilýär

Yragyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň wekili bilen duşuşyk