DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Ilçisi Täze Zelandiýanyň Milli baýramy mynasybetli geçirilen baýramçylyk çärelerine gatnaşdy

Türkmenistanyň Täze Zelandiýadaky Ilçisi A.Baýramow (oturýan ýeri Tokio şäheri) Täze Zelandiýanyň Milli güni – Waýtangi güni mynasybetli her ýyl 6-njy fewralda geçirilýän döwlet çärelerine gatnaşdy.

Iş saparynyň dowamynda A.Baýramow ýokary wezipeli döwlet resmi wekilleri bilen türkmen-täze zeland gatnaşyklaryny has-da berkitmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin birnäçe duşuşyklary geçirdi.

Täze Zelandiýanyň General-gubernatory Sindi Kiro bilen geçirilen duşuşykda Ilçi Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Waýtangi güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny ýetirdi, şeýle hem, General-gubernatory özüne amatly bolan wagtda ýurdumyza sapar bilen gelmäge çagyrdy.

Saparyň dowamynda Ilçi Täze Zelandiýanyň Daşary işler ministri Winston Peters, Täze Zelandiýanyň Söwda we maýa goýum ministri H.Todd Makkleý we Täze Zelandiýa Parlamentiniň wekilleri bilen duşuşyklary geçirdi. Duşuşyklarda Türkmenistan bilen Täze Zelandiýanyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda ilkinji syýasy geňeşmeleri geçirmegiň mümkinçiliklerini öwrenmek, parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmek, ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparlary döretmek we ikitaraplaýyn saparlary guramak barada ylalaşdylar.

Ýene-de okaň

Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Täjigistanda türkmen-täjik hökümetara toparynyň 14-nji mejlisi geçirildi

Koreýa Respublikasy Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

29-njy martda geçiriljek saýlawlarda saýlaw uçastoklarynyň 578-si hereket eder

Eýranyň Aşgabatdaky ilçihanasynda Aýatolla Hameneýi üçin gynanç kitaby açyldy

Eýrandaky Hytaýyň raýatlary Türkmenistanyň üsti bilen ýurduna dolandy