JEMGYÝET

Türkmenistanyň ilçisi Rumyniýanyň döwlet sekretary bilen duşuşdy

Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçisi A.Annaýew Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary hanym Ana Tinka bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar gatnaşyklaryň ösüşiniň dinamikasyny hem-de Türkmenistan bilen Rumyniýanyň arasyndaky özara gatnaşyklarynyň geljegini bellediler. Geljekki hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine ygrarlydygyny belläp, taraplar hyzmatdaşlygyň özara gyzyklanma bildirilýän dürli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň halkara arenasyndaky işjeň hereketleri barada aýdyp, taraplar Durnukly Ösüş Maksatlarynyň öňde goýýan wezipelerini amala aşyrmakda ýurduň oňyn Bitaraplyk derejesiniň mümkinçiliklerini bellediler. Şu nukdaý-nazardan, taraplar halkara arenasynda hyzmatdaşlygy berkitmegiň wajypdygyna ünsi çekip, parahatçylygy, howpsuzlygy we ösüşi berkitmek üçin tagallalaryň birleşdirilmegi barada meseleleriň birnäçesini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmen tarapy, şu ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny we 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan edilendigini belläp, Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň Diplomatiýa institutynyň binasynda bilelikde maslahat geçirmegi teklip etdi.

Söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyň çäginde taraplar hökümetara toparlar bilen baglanyşykly meseleleri gozgadylar. Olaryň işlerini güýçlendirmek zerurlygy, şeýle hem “Hazar deňzi – Gara deňiz” halkara ulag geçelgesini döretmek taslamasynyň ähmiýetine ünsi çekip, taraplar bu taslamanyň ýakyn wagtda iň meşhur geçelgeleriň birine öwrüljekdigi barada ylalaşdylar.

Şunuň bilen baglylykda, rumyn tarapy agzalan taslamanyň Rumyniýanyň hökümetiniň hem öňe sürýändigini belläp, 2025-nji ýylyň dowamynda Rumyniýanyň, Gruziýanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkmenistanyň daşary işler ministrleriniň we ulag ministrleriniň bilelikdäki maslahatyny guramagy meýilleşdirýändigini barada habar berdi.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 26-njy martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanda Gadyr gijesi mynasybetli 321 sany raýatyň günäsi geçilýär

Ata Watan Eserleri

Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirildi

Emeli aň bilen ilkinji gezek aýdym albomyny döretdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkiýäniň energetika ministrini kabul etdi

 Türkmen halkynyň Milli Lideri türk işewürleri bilen duşuşdy