DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Ilçisi “Chimcomplex” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirdi

Türkmenistanyň Buharest şäherindäki Ilçihanasynyň binasynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçisi A.Annaýew bilen Rumyniýanyň öňdebaryjy himiýa kompaniýasy Chimcomplex-iň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ştefan Wuza bilen resmi duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar senagat we maýa goýum ugurlaryndaky türkmen-rumyn hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Rumyn tarapynyň Türkmenistanda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly başlangyçlary we teklipleri beýan edildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda  öňdebaryjy tehnologiýalaryň alyş-çalyşy, önümçilik hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegi we maýa goýumlaryň çekilmegi bilen baglanyşykly meseleler aýratyn bellenildi. Taraplar uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyk üçin durnukly esas döretmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.

“Chimcomplex” kompaniýasynyň ýolbaşçysynyň Ilçihana eden sapary ikitaraplaýyn hem-de halkara meýdançalarynda ýola goýlan gatnaşyklarynyň logiki dowamyna öwrüldi we Türkmenistan bilen Rumyniýanyň arasynda ykdysady dialogy işjeňleşdirmäge bolan birek-birege ýokary gyzyklanmany görkezdi.

Ýene-de okaň

Täze Zelandiýada ahalteke atlaryny ösdürmek ýetişdirmekde tagallalar edilýär

Yragyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň wekili bilen duşuşyk

Günorta Koreýanyň täze ilçisi Türkmenistana geldi

Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalary sport çärelerini gurnadylar

“Owganystan-Merkezi Aziýa” konsultatiw duşuşygy geçiriler

Türkmenistan 3 aýda 520 sany halkara duşuşyklaryny geçirdi