DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Ilçisi Bahreýnde wezipesine girişdi

Manama şäherinde Patyşanyň köşgünde Türkmenistanyň Bahreýn Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Er-Riýad şäheri) O.Çaryýewiň Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifa ynanç hatyny gowşuryş dabarasy geçirildi.

Ilçi O.Çaryýew Bahreýniň Patyşasyna we bu ýurduň halkyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan mähirli salamlary we iň gowy arzuwlary ýetirdi.

Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifa Türkmenistanyň Prezidentine hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna mähirli salamyny we türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Söhbetdeşligiň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Bahreýn Patyşalygynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmäge gyzyklanma bildirdiler.

Ýene-de okaň

Aşgabat-Seul: konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi

Türkmenistan Ýaponiýanyň gadymy paýtagty bolan Nara şäheri bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Koreýada türkmen talyplary bilen duşuşdy

Türkmenistan we Koreýa özara syýahaty ýönekeýleşdirmegiň mümkinçiligini maslahatlaşdylar

Ata Watan Eserleri

Parižde Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň medeni-sazly agşamy geçirildi

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi