Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. “Watan” habarlar gepleşinde bellenilip geçilişi ýaly, ilki bilen türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Arkadag şäherindäki ştab-kwartirasyna geldi.
Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Liderini Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidentleri Oguljahan Atabaýewa hem-de Rejep Bazarow mähirli garşylady.
Gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewa Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna “Jahan” döredijilik merkezinde hem-de Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynda alnyp barylýan döwrebaplaşdyryş işleri barada hasabat berdi.
Gaznanyň wise-prezidenti Rejep Bazarow bolsa, Aşgabatdaky Şehitler metjidiniň döwrebaplaşdyryş işleri, şeýle hem Azerbaýjanyň Fizuli şäherinde türkmen gurluşykçylary tarapyndan gurluşygy alnyp barylýan metjidiniň gurluşygy barada hasabat berdi.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidentleri Oguljahan Atabaýewa hem-de Rejep Bazarow bilen iş maslahatyny geçirdi.
Maslahatda Hytaý Halk Respublikasynyň tejribeli lukmanlarynyň hem-de dostlukly ýurduň lukmançylyk ýokary okuw mekdepleriniň professor mugallymlarynyň gelmegine görülýän taýýarlyk işleri barada habar berildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri gaznanyň alyp barýan asylly işleriniň dowam etdirilmegi hem-de bu ugurda alnyp barylýan halkara hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýete eýe bolmagy babatda tagalla edilmelidigini belledi.
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bejerişiň tebigy usullaryna degişli tejribe alyşmagyň, Türkmenistanyň Myrat Garryýew adyndaky döwlet lukmançylyk uniwersitetinde adaty däl lukmançylyk otagynyň açylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belläp, bu ugurda özüniň toplan baý iş tejribesi esasynda öwüt-ündewlerini berdi.
