JEMGYÝET

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna giňden taýýarlyk görülýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän Bitaraplyk binasynyň ýanynda Hökümet agzalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda döredilen Guramaçylyk döwlet toparynyň hojalyk iş maslahatyny geçirdi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz Aşgabatda gurulýan we döwrebaplaşdyrylýan desgalaryň hem-de binalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy.

Şu ýylyň başynda Gahryman Arkadagymyz Bitaraplyk binasynyň ýanynda bolup, BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygy we sazlaşykly ösüş ýoluna düşen ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleriň guramaçylykly geçirilmeginde möhüm ähmiýeti bolan işleri ýerine ýetirmek boýunça wezipeleri kesgitläpdi.

Bu gün bolsa Milli Liderimiz şol işleriň ýerine ýetirilişi bilen gyzyklandy. Gahryman Arkadagymyz şanly sene mynasybetli ýaýbaňlandyrylan işleriň köp ugurlary öz içine alýandygyny belläp, şunda şäherde alnyp barylýan gurluşyklaryň möhletlerine, paýtagtymyzyň arassaçylyk we abadanlaşdyryş işlerine, ekologiýa derejesine zerur üns berilmelidigini belledi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzyň günortasynda döwrebaplaşdyrylýan binalaryň şekil taslamalary, ekiljek baglaryň, yşyklandyryş we ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň görnüşleri bilen tanyşdy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary B.Annamämmedow Bitaraplyk binasynyň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmaga gönükdirilen işler, gurulýan we döwrebaplaşdyrylýan desgalaryň taslamalary hem-de olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada hasabat berdi.

Görkezilýän şekil taslamalarynyň hatarynda Bitaraplyk binasynyň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmagyň we bu künjekde döredilýän Bitaraplyk seýilgähiniň çäklerinde ekilmegi meýilleşdirilýän bag nahallarynyň teklip edilýän görnüşleri, Bitaraplyk muzeýiniň içki bezeg işlerine degişli serişdeler bar. Şeýle hem bu künjegiň ýol-ulag düzümine degişli desgalary döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.

Gahryman Arkadagymyz görkezilýän şekil taslamalaryny synlap, meýilleşdirilen ähli işleriň ýokary hil derejesinde we kesgitlenen möhletlerde ýerine ýetirilmelidigini aýdyp, bu babatda özüniň degerli maslahatlaryny berdi.

Milli Liderimiz türkmen ilinde “Gelen — döwlet”, “Myhman ataňdan uly” ýaly paýhasly jümleleriň döredilendigini we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli guraljak dabaralara BMG-ä agza ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň, wekilçilikli toparlarynyň gatnaşmagynyň meýilleşdirilýändigini belledi. Şunda myhmanlaryň türkmen halkynyň milli däpleriniň esasynda garşylanylmagyna, olara ýokary derejeli hyzmatlaryň hödürlenilmegine zerur üns berilmelidir.

Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň durmuşynda syýasy ähmiýeti bolan halkara çäreleri guramaçylykly geçirmek we dabaranyň maksatnamasyny taýýarlamak babatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň Iş dolandyryjysy R.Bazarowa hem-de Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa degişli maslahatlary berdi. Taýýarlanylan teklipleri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň makullan halatynda degişli taýýarlyk işlerine girişilmelidir.

Şunda ýurdumyzda geçirilýän dabaralara we halkara maslahata gatnaşýan myhmanlaryň ähli çärelere işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek meselelerine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini belläp, Gahryman Arkadagymyz bu işleriň ýokary guramaçylyk derejesini ýola goýmak babatda bilelikdäki tagallalaryň zerurdygyna ünsi çekdi.

Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzyň çäginde ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçiriljek ýerine geldi. Bu ýerde köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmagyň güýzki möwsümi geçiriler. Şu mynasybetli bu ýerde ekiljek türkmen arçalarynyň nahallary taýýarlanyldy.

Ýurdumyzyň Bitaraplyk baýramyny mynasyp derejede guramak we dabaralary guramaçylykly geçirmek bilen bir hatarda, ählihalk bag ekmek dabarasynyň talabalaýyk guralmalydygyny belläp, Gahryman Arkadagymyz her ýylda geçirilmegi asylly däbe öwrülen bu çärä şäher ilatynyň işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek babatda öwüt-nesihatlaryny berdi.

Ýene-de okaň

Hormatly Prezidentimiz bilen Prezident Serjio Mattarellanyň duşuşygy

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidentiniň Italiýa Respublikasyna resmi sapary başlandy

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretaryny gutlady

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Italiýada resmi saparda bolar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen BMG hyzmatdaşlyk boýunça täze Çarçuwaly Maksatnama gol çekdi

Ata Watan Eserleri