SIZDEN GELENLER

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady

Dünýä kitabynda ady altyn harplar bilen ýazylan Türkmenistan tutuş ýer ýüzi boýunça hemişelik bitarap döwletdir. Dünýäde üç sany bitarap döwlet hereket edýär: Awstriýa, Şweýsariýa we Türkmenistan. Diňe Türkmenistanyň bitaraplyk derejesi “ykrar edilen bitaraplykdyr”.

1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda dünýäde iň uly abraýly gurama hasaplanylýan Birleşen Milletler Guramasyna agza bolan 185 döwletiň goldamagynda Türkmenistana “bitaraplyk” derejesi berildi. Ikinji gezek 2015-nji ýylda, ýagny, birinji gezek gazanylan bitaraplykdan 20 ýyl geçenden soň, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 200-den gowrak döwletiň goldamagynda bitarap döwlet hökmünde yglan edildi. Soňra ýene-de BMG tarapyndan “bitaraplyk” derejesi ykrar edilen Türkmenistan döwletimiz 3 gezek hemişelik Bitaraplygy ykrar edilen ilkinji döwletdir.

Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan binýady goýlup, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Ýurdumyz sebit we halkara gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary boýunça netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek babatda çykyş edip, bu ugurda anyk başlangyçlary öňe sürýär.

Hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi Türkmenistanyň Konstitusiýasy, «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda» Konstitusion kanun bilen berkidilip, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynda çuňňur beýanyny tapýar. Bu syýasat parahatçylygy, dialogy, özara hormat goýmagy baş ugur edinýän türkmen halkynyň taryhy mirasyna we däp-dessurlaryna esaslanýar. Halkara Bitaraplyk güni ýurdumyzda milli baýram hökmünde bellenilip, munuň özi onuň ýörelgeleriniň halkymyzyň medeniýetine çuňňur ornaşandygyna şaýatlyk edýär. Bitaraplyk ýörelgeleri dürli ulgamlarda, şol sanda ykdysady, durmuş, medeni, ekologiýa ulgamlarynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen köp sanly başlangyçlarda öz beýanyny tapýar. Şolaryň hatarynda parahatçylygy we ynanyşmagy ilerletmäge gönükdirilen halkara çäreleri, ylmy maslahatlary, sport ýaryşlaryny hem-de beýlekileri görkezmek bolar. Bu çäreler halklaryň arasynda özara düşünişmegi pugtalandyrmaga, gatnaşyklary ösdürmäge ýardam berýär.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy parahatçylygy üpjün etmek we durnukly ösüşi gazanmak üçin köpugurly gural bolup, 30 ýylyň dowamynda sebit hem-de ählumumy derejede howpsuzlygy berkitmekde öz netijeliligini görkezdi. Bitaraplyk eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga, ulag geçelgeleriniň howpsuzlygyny üpjün etmäge mümkinçilik berýän ykdysady strategiýa bolmak bilen, parahatçylyk we dialog däplerine esaslanýan milli özboluşlylygymyzyň aýrylmaz bölegidir. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy strategik taýdan ähmiýetli Merkezi Aziýa sebitinde durnuklylygy üpjün edýän şert bolup çykyş edýär. Ýurdumyzyň öňdengörüjilikli, parahatçylyk söýüjilikli syýasaty serhetleriň howpsuzlygy, suw serişdelerini dolandyrmak we ählumumy wehimlere garşy göreşmek ýaly umumy meseleleri çözmäge mümkinçilik berip, goňşy döwletleriň arasynda özara ynanyşmak, hyzmatdaşlyk üçin binýady döredýär.

Türkmenistanyň Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasaty ekologik ugry hem öz içine alýar. Ýurdumyz howanyň üýtgemegine we daşky gurşawyň hapalanmagyna garşy ählumumy tagallalara jogapkärçilikli gatnaşyjy bolup durýar. Halkara ekologiýa konwensiýalaryna gatnaşmagy we “ýaşyl” başlangyçlary ilerletmegi Türkmenistana geljegi nazarlaýan döwlet hökmünde abraýyny pugtalandyrmaga ýardam berýär.

Ýurdumyz Gündogaryň we Günbataryň arasynda köpri hökmünde çykyş edip, hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesini medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin işjeň ulanýar. Iri halkara forumlaryň, sport ýaryşlarynyň, ylmy maslahatlaryň geçirilmegi Türkmenistanyň dialog üçin açyk we myhmansöýer meýdança hökmünde eýeleýän möhüm ornuny görkezýär. Bitaraplyk filosofiýasyndan gelip çykýan bu başlangyçlar halklaryň arasynda özara düşünişmegi pugtalandyrmaga, umumadamzat gymmatlyklaryny ilerletmäge ýardam berýär.

Hemişelik Bitaraplyk syýasaty ýurdumyzyň içerki durmuşynda hem ähmiýetli orny eýeleýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda berkidilen Bitaraplyk daşary syýasat doktrinasy bolmak bilen, milli taglymatyň wajyp bölegine öwrüldi. Bitaraplygyň bilim ulgamynda giňden wagyz edilmegi ýaş nesilleriň ýurdumyzyň parahatçylykly ösüş ýoluna bolan buýsanjyny artdyrýar. Munuň özi yzygiderli we uzak möhletli daşary syýasaty durmuşa geçirmek üçin jemgyýetçilik durnuklylygyny döredýär.

Türkmenistanyň Bitaraplyk ýyllary içinde toplan oňyn tejribesi milli çäklerden çykyp, halkara jemgyýetçilik üçin nusga bolup durýar. Türkmenistanyň tejribesi döwletleriň häzirki ählumumy ýagdaýlarda diňe bir özygtyýarlylygy gorap saklamak bilen çäklenmän, eýsem, diplomatiýanyň we ykdysady hyzmatdaşlygyň gurallaryny ulanmak arkaly, sebit hem-de ählumumy howpsuzlygyň arhitekturasyny gurmaga-da işjeň gatnaşmaga ukyplydygyny görkezýär. Bitaraplygyň türkmen nusgasy işjeň, netijeli we hoşniýetli gatnaşyklaryň mysaly bolmak bilen, bu halkara hukuk ýagdaýynyň durnukly ösüş, abadançylyk üçin möhüm şert bolup hyzmat edýändigini tassyklaýar.

Şeýlelikde, Bitarap Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň jogapkärli agzasy bolmak bilen, sebitleýin we halkara proseslere işjeň gatnaşýar, parahatçylyk dörediji merkez, dialog üçin ygtybarly meýdança hökmünde eýeleýän ornuny iş ýüzünde tassyklap, bu ugurda çemeleşmelerini we işlerini anyk kesgitleýär, ählumumy abadançylygyň, ösüşiň bähbidine häzirki döwrüň meseleleriniň deňagramly çözgütlerini işläp düzmek babatda tagallalary birleşdirmek ugrunda çykyş edýär.

Laçyn Ýagdyýewa,

Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy. 

Ýene-de okaň

Saglyk ömrüň girewidir

Mekdep okuwçylaryň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirilýär

Täze ýylyň şatlygy-döwrüň bagtyýarlygy

Türkmen Bitaraplygynyň nobatdaky beýany

Bitaraplyk – asudalygyň nusgalyk ýoly

Türkmen Bitaraplygy – köňülleriň buýsanjy

Ata Watan Eserleri