ürkmenistanyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkara giňişlikde giň goldawa eýe bolýan daşary syýasat strategiýasy hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýar. Bu özboluşly doktrina parahatçylykly ýaşamak, sebitde howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek üçin binýat bolup, 30 ýylyň dowamynda ýurdumyza ygtybarly hyzmatdaş we dünýä prosesleriniň işjeň agzasy hökmünde çykyş etmäge mümkinçilik berýän netijeli gurala öwrüldi. Dünýä jemgyýetçiligi onuň tutuş sebit üçin ähmiýetini ykrar edip, döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny birnäçe gezek tassyklady. Birleşen Milletler Guramasynyň resminamalary, şol sanda Baş Assambleýanyň Kararnamalary bu syýasatyň häzirki döwürde möhüm ähmiýete eýe bolýandygyna şaýatlyk edýär.
Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalarynyň 3-si bilen berkidilen we ösdürilen pugta halkara hukuk binýady döredildi.
2025-nji ýylyň 21-nji martynda kabul edilen degişli Kararnama Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyny üçünji gezek ykrar etdi. Kararnamada milli bitaraplyk syýasatlarynyň sebit we ählumumy derejede parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmaga ýardam berýändigi bellenilýär. Şeýle-de onda Türkmenistanyň öňüni alyş diplomatiýasyna goşýan goşandy we ynsanperwerlik kömegini bermekde eýeleýän oňyn orny nygtalýar. Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty halkara kadalaryň berjaý edilmegi bilen çäklenmän, bu doktrinany parahatçylygyň we howpsuzlygyň köpugurly guraly hökmünde ilerletmäge-de gönükdirilendir.
Ýurdumyzyň başlangyjy boýunça 2017-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 12-nji dekabry “Halkara Bitaraplyk güni” diýip yglan etdi, 2025-nji ýyl bolsa Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi. BMG-niň çäklerinde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary topary döredildi. Ol bitaraplyk babatda tejribe alyşmak üçin resmi däl meýdança bolup hyzmat edýär.
Bu başlangyçlar Türkmenistanyň öz Bitaraplygyna beýleki ýurtlar üçin görelde bolup hyzmat edýän we işjeň ösdürilýän syýasat hökmünde garaýandygyny görkezýär. Ýurdumyz dünýä giňişliginde parahatçylyk döredijilik babatda gazanan tejribesini işjeň ilerletmek bilen, bu ugurda öz üstüne alan halkara borçnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirýär.
Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň ýurdumyzyň ösüşi we halkara giňişlikdäki ornunyň pugtalandyrylmagy üçin binýat bolup hyzmat edýän möhüm ykdysady ähmiýeti hem bar. Döwletimiziň harby we syýasy bileleşikler bilen bagly bolmadyk bitaraplygy işewürlik üçin amatly şertleri döredýär, maýa goýumlary çekmäge we söwda hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ýardam berýär. Türkmenistanyň Bitaraplygynyň halkara derejede ykrar edilmegi ýurdumyzyň abraýyny has-da belende göterip, onuň ykdysady ösüşine ýardam berýär.
Sebitleri birleşdirýän, eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga goşant goşýan iri infrastruktura taslamalarynyň amala aşyrylmagy Türkmenistanyň geoykdysady strategiýasynyň esasy ugry bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Kararnamalary Türkmenistanyň energiýa serişdelerini durnukly üstaşyr geçirmek we ygtybarly ulag geçelgelerini ösdürmek boýunça başlangyçlaryny goldaýar. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň taslamasy bu syýasatyň aýdyň mysallarynyň biridir. Bu gaz geçiriji sebitde energetika howpsuzlygyny üpjün etmek üçin strategik ähmiýete eýedir.
Hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi Türkmenistanyň Konstitusiýasy, «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda» Konstitusion kanun bilen berkidilip, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynda çuňňur beýanyny tapýar. Bu syýasat parahatçylygy, dialogy, özara hormat goýmagy baş ugur edinýän türkmen halkynyň taryhy mirasyna we däp-dessurlaryna esaslanýar.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy parahatçylygy üpjün etmek we durnukly ösüşi gazanmak üçin köpugurly gural bolup, 30 ýylyň dowamynda sebit hem-de ählumumy derejede howpsuzlygy berkitmekde öz netijeliligini görkezdi. Bitaraplyk eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga, ulag geçelgeleriniň howpsuzlygyny üpjün etmäge mümkinçilik berýän ykdysady strategiýa bolmak bilen, parahatçylyk we dialog däplerine esaslanýan milli özboluşlylygymyzyň aýrylmaz bölegidir.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy häzirkizaman halkara gatnaşyklar ulgamynda milletimiziň gadymyýetden özüne mahsus bolan çuňňur paýhasyny görkezýär. Gahryman Arkadagymyzyň özara düşünişmek we ynanyşmak ýörelgelerinden ugur alýan parahatçylyk filosofiýasy bilen baýlaşan halkara gatnaşyklary ulgamyndaky bitaraplyk instituty ýurtlaryň we halklaryň, hatda siwilizasiýalaryň hem dialogyna esas bolup biljekdigi barada aýdyp bolar. Bu babatda Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilýän üstümizdäki ýylyň 12-nji dekabrynda paýtagtymyzda geçiriljek halkara maslahatyň hem ähmiýetiniň örän uly boljakdygy şübhesizdir.
Seýranmämmet Annamämmedow,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.
