JEMGYÝET

Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek teklip edildi

Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň we Mejlisiň deputatlarynyň bilelikdäki maslahaty geçirildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu maslahatynda çykyş edip, halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek baradaky başlangyç bilen çykyş etdi.

Şeýle hem Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň işini bes edip, ýurdumyzyň kanun çykaryjylyk wekilçilikli edarasyny bir palataly ulgama öwürmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belläp geçdi.

Mejlisde çyky edenler Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň işini bes etmegini hem-de kanun çykaryjylyk wekilçilikli edaranyň bir palata öwürmek baradaky teklipleri goldadylar.

Halk Maslahatynyň Başlygy ýokarda aýdylan teklipleri iş ýüzünde durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly kanunçylyk namalaryny taýýarlamagyň zerurdygyny belledi.

Şeýle hem Halk Maslahatynyň Başlygy täzeden dörediljek Halk Maslahatynyň düzümine – Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň Prezidenti, Mejlisiň Başlygy, Ýokary kazyýetiniň başlygy, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary,  Mejlisiniň deputatlary, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agzalary, Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil-Adalatçy, Baş prokuror, adalat ministri, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimleri, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň halk maslahatlarynyň başlyklary, etraplaryň edara ediş merkezleri bolup durýan şäherleriň, şäherçeleriň arçynlary, syýasy partiýalaryň, kärdeşler arkalaşyklarynyň we beýleki jemgyýetçilik birleşikleriniň ýolbaşçylary we ýaşulular girilse dogry boljakdygyny belledi.

Mundan başga-da, Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ygtyýarlygyna  – birinji – ýurdumyzyň Konstitusiýasyny, konstitusion kanunlary kabul etmek, olara üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek boýunça tekliplere garamak hem-de makullamak, ikinji – döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlaryna, şeýle hem ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna seretmek hem-de makullamak, üçünji – Türkmenistanyň Prezidentiniň her ýylky ýüzlenmesini diňlemek, dördünji – parahatçylyk we howpsuzlyk meselelerine seretmek, bäşinji – Türkmenistanyň kanunlarynda göz öňünde tutulan gaýry ygtyýarlyklary amala aşyrmak degişli edilip bilinjekdigini mälim etdi.

 

Ýene-de okaň

«Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly döredildi

Türkmenistanda ýolbaşçy düzümler 1-nji awgustdan başlap dynç alşa çykar

Gallaçylaryň zähmet ýeňşiniň hormatyna

Talyp-2025: dalaşgärler üçin saglyk öýleri

Talyp-2025: Giriş synaglary üçin zerur bolan resminamalar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda 2025-2026-njy okuw ýyly üçin okuwa kabul ediş möwsümi başlaýar

Ata Watan Eserleri