MEDENIÝET

Türkmenistanyň halk artisti, halypa aktýor Muhammet Bekiýew aradan çykdy

Türkmen teatr we kino sungatynyň ägirdi, Türkmenistanyň halk artisti, meşhur halypa aktýor Muhammet Bekiýew 72 ýaşynda aradan çykdy.

Muhammet Bekiýew 1951-nji ýylda Mary welaýatynyň Baýramaly şäherçesinde gullukçynyň maşgalasynda eneden dogulýar. Başlangyç mekdepde esasy edebiýat hem taryh sapaklaryna ýykgyn edýär. Muhammet entek orta mekdebiň 10-njy klasynda okap ýörkä oňa Baýramalynyň Medeniýet öýüniň halk teatrynda sahnalaşdyrylan dramaturg Ata Gowşudowyň ”Juma” atly spektaklynda Barysowyň keşbini janlandyrmagy ynanýarlar. Muhammet özüne ynanylan bu keşbiň aňryýanyndan hötdesinden gelip tomaşaçylaryň söýgüsine mynasyp bolýar.

Garaşsyzlygymyzyň 23-ýyllyk ýubileý toýuna sowgat edip sahnalaşdyrylan “Döwlet guşy” atly spektaklynda oba arçynynyň keşbini ýerine ýetirdi. Muhammet Bekiýew esasy işiniň daşyndan Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşigi  bilen hem ýakyn aragatnaşyk saklaýar. Häzirki güne çenli onuň Türkmen milli kinofilmlerinde döreden keşpleriniň sany otuzdan-da geçýär.

Ýene-de okaň

Fransiýada Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçirildi

Türkmenistanyň medeni mirasy Täjigistanyň Döwlet medeniýet we sungat institutynda görkezildi

Aşgabatda Russiýanyň kino festiwaly açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda aprel aýynda geçiriljek medeni çäreler

Ýur­du­myz­da des­san­çy bag­şy­la­ryň fes­ti­wa­ly ge­çi­ril­ýär

Türkmen suratkeşleriniň halkara üstünligi