SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistanyň habarçylarynyň Türkiýä syýahatçylyk sapary

Türkiýe Respublikasy syýahatçylyk babatda ösen ýurtlaryň biridir. Bu ýurduň taryhy hem-de medeni gymmatlyklary, şeýle hem baý syýahatçylyk mümkinçilikleri dünýäniň köp sanly jahankeşdelerini özüne bendi edýär. Her ýyl millionlarça daşayr ýurtly jahankeşdeler Türkiýe Respublikasynda dynç alýarlar.

Türkiýe Respublikasynyň syýahatçylyk mümkinçilikleri taryhy hem-de ajaýyp şäherleri bilen hem meşhurdyr. Ýurduň köp sanly taryhy şäherleri, muzeýleri hem-de ajaýyp eserleri ÝUNESKO-nyň sanawynda öz mynasyp ornuny aldy.

Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň gurnamagynda dünýäniň birnäçe ýurdundan habarçylaryň gatnaşmagynda Türkiýäniň Merkezi Anadoly sebitinde syýahatçylyk maksatly gezelenç saparyny gurnaýar. Oňa Türkmenistandan, Özbegistandan, Gazagystandan, Gruziýadan we Bolgariýadan žurnalistler topary gatnaşýar. Şol žurnalistler toparynyň arasynda “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň habarçysynyň hem bardygyny bellemek gerek.

Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň hem-de ilçihananyň Medeniýet we tanyşdyryş geňeşliginiň ýakyndan ýardam bermeginde Türkmenistandan hem habarçylar bu syýahatçylyk maksatly gezelenç saparyna goşuldylar.

Gezelenç saparynda habarçylar Kaýseri, Ýozgat, Kyrşehir we Newşehir ýaly welaýatlarynda bolup, şol ýerleriň taryhy ýerlerine, muzeýlerine, ybadathanalaryna, metjitlerine we beýleki meşhur syýahatçylyk mekanlaryna aýlanyp görerler.

Habarçylardan ybarat toparyň bu gezelenjiniň ilkinji güni Kaýseri welaýatyndan başlandy. Kaýseri welaýaty Türkiýäniň iň gadymy sebitleriniň biri bolup, bu ýer senagat taýdan hem ösendir.

Habarçylar Kaýseriniň birnäçe muzeýlerinde boldular hem-de bu ýeriň owadan ýerlerini ýazgy etdiler. Biz hem “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň media topary bolup, bu ýerdäki taryhy ýerler boýunça ýazgylar edip, tomaşaçylarymyzyň dykgatyna ýetireris.

Ýene-de okaň

Kolosseýde Göbekli depe Artefaktlaryna bagyşlanan sergi açyldy

Awiasiýa howpsuzlygy üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy taýýarlandy

Türkmenistanyň lukmançylyk uniwersiteti ylmy elektron žurnal çap eder

Sungatyñ we stiliň sazlaşýan ýeri bolan Stambulda bazarlamagyñ ruhy lezzeti

Ata Watan Eserleri

Türkiyäniň syýahatçylyk pudagy rekord görkezijilere eýe bolýar

Ata Watan Eserleri

«Belawiýa» Türkmenbaşy bilen Minskiň arasyndaky uçuşlaryň sanyny köpeldýär