JEMGYÝET

Türkmenistanyň gazynyň Türkiýe we Ýewropa ugry üçin 1 aýda mehanizm işlenip düzüler

Mälim bolşy ýaly, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň birinji üçtaraplaýyn sammiti geçirildi.

 Türkiýäniň, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň gepleşiklerinden soňra gol çekilen bäş sany resminama döwletleriň energetika, söwda, ykdysadyýet, gümrük, ulag, bilim we medeniýet ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygynyň täze tapgyryna badalga berýär. Gepleşikleriň maksady mundan beýläk-de birek-birek bilen has ýakynlaşyp, halkara derejedäki başlangyçlarymyzy goldamak arkaly bilelikdäki ösüşi üpjün etmekden ybaratdyr.

Sammitde ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň iň esasylarynyň biri energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bilen baglydyr.

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistan saparyny tamamlap, öz ýurduna gaýdyp barýarka, uçarda habarçylar bilen söhbetdeş boldy. Ärdogan şol söhbetdeşliginde Türkmenistanyň tebigy gazyny Trans Anadoly tebigy gaz geçirijisi (TANAP) arkaly Türkiýä we Ýewropa iberilmegi üçin öz ýurdunyň energetika ministrine 1 aýyň dowamynda bu barada degişli taslamany taýýarlamagy tabşyrandygyny mälim etdi.

Ärdogan energetika ministrine hem Türkmenistanyň hem-de Azerbaýjanyň degişli düzümlerini bilen gepleşikler geçirip, bu ugurda belli bir netije gazanmagy tabşyrandygyny aýtdy. Şol gazanylan ylalaşykdan soňra ýokary derejede gepleşikleriň dowam etdiriljekdigini bellän Ärdogan 2023-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýe amala aşyrjak saparynda bu babatda belli bir karara geljekdiklerini belläp geçdi.

Türkiýäniň Prezidenti bu meseläni Azerbaýjanyň Prezidenti bilen hem ara alyp maslahatlaşjakdygyny belläp, soňra Ýewropa Bileleşigi bilen hem gepleşikleriň geçiriljekdigini aýtdy.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen FAO guramasynyň arasynda birnäçe resminamalara gol çekildi

ABŞ-nyň ýörite wekili Serjio Goruň Türkmenistana sapary

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugyna täze ýolbaşçy bellendi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Ýewropa Bileleşiginiň ýörite wekili bilen duşuşdy

Türkmenistanyň we Hindistanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy guralar

Türkmenistanda FAO-nyň wekilhanasyny döretmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi