BILIM

Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçisi GazGHU bardy

Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçisi Batyr Rejepow «Gazagystanyň gumanitar hukuk uniwersiteti» paýdarlar jemgyýetiniň (КазГЮУ) müdiriýetiniň başlygy Talgat Narikbaýew bilen duşuşdy.

Türkmen ilçihanasynyň Metbugat gullugynyň habaryna görä, taraplar bilim ulgamynda pikir alyşdylar. Talgat Narikbaýew uniwersitetiň işi we daşary ýurt uniwersitetleri bilen hyzmatdaşlyk boýunça alyp barýan işlerini tanyşdyrdy.

Batyr Rejepow Türkmenistanda bilim pudagyndaky özgertmeler, şol sanda ýurduň Bilim ministrliginiň abraýly uniwersitetleriň reýtingine girmek boýunça alyp barýan işleri barada belläp geçdi.

Ilçi КазГЮУ-nyň ýolbaşçylygyny 10 — 12-nji oktýabr aralygynda Aşgabatda geçiriljek Halkara saglyk forumyna çagyrdy.

Batyr Rejepowa uniwersitet boýunça tanyşlyk saparynyň çäginde GazGHU-da leksiýa berdi we duşuşygyň ahyrynda türkmen ilçisi türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmy işini КазГЮУ-nyň kitaphanasyna sowgat etdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Bilim ministrliginde türk wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanda magistratura maksatnamalary boýunça täze ugurlaryň 6-sy açyldy

Türkmenistanda 1 müň 239 sany talyp orny artdyryldy

Türkmen ýaşlarynyň 67-nji Halkara matematika olimpiadasyndaky üstünlikleri

Türkmenistanda uniwersitetlere resminamalaryň kabul edilişini internet arkaly yzarlap bolýar

Dünýäniň iň owadan sözi belli boldy