DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy Duşanbe şäherinde bellenildi

2024-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda Türkmenistan döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli resmi kabul edişlik geçirildi.

Resmi kabul edişlige Täjigistan Respublikasynyň Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparynyň täjik tarapynyň ýolbaşçysy,  Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary jenap Sulaýmon Ziýozoda, Täjigistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we wekilleri, Täjigistan Respublikasynyň Mejlisiniň deputatlary, Duşanbe şäherinde akkreditirlenen daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleri, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, ylym we medeniýet işgärleri, žurnalistler, Täjigistanyň sebitlerinde ýaşaýan türkmen diasporasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Dabara gatnaşanlara ýüzlenip, Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Ilçisi A. Goçmyradow çykyş etdi we ol çykyşynda iki ýurduň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň häzirki döwürde täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny belledi.

Täjigistan bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna aýratyn üns berlip, taryhy we medeni baglanyşyklara esaslanýan gatnaşyklara, soňky döwürde amala aşyrylan ýokary derejedäki saparlaryň ähmiýeti nygtaldy.

Ilçi, şeýle-de, ýurtlaryň arasynda köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine meýilliligi tassyklap, Strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak baradaky Jarnamanyň gol çekilendigini aýratyn belledi. Bu hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ykdysady hyzmatdaşlygy, ulag taslamalarynyň ösüşini we medeni alyşmalary öz içine alýar, bu bolsa öz gezeginde özara düşünişmegiň pugtalandyrylmagyna ýardam berýär.

Duşanbe şäherinde akkreditirlenen daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, täjik ylym we medeniýet işgärleri Türkmenistanyň Prezidentine we türkmen halkyna mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdiler.

Dabara gatnaşan myhmanlar türkmen milli tagamlaryndan, milli aýdym-sazlaryndan we owazlaryndan lezzet alyp bildiler.

Çäräniň çäginde Türkmenistanyň Prezidentiniň we türkmen halkynyň Milli Lideriniň kitaplary, Magtymguly Pyragynyň eserler ýygyndylary, şekillendiriş sungaty eserleri, haly önümleri we şaý-sepler ýaly bezeg-amaly sungatynyň ajaýyp nusgalary görkezilen ýörite sergi guraldy.

Ýene-de okaň

Minsk şäherinde “Arkalaşygyň çagalary” atly X Halkara medeni-bilim forumy geçirildi

Türkmenistanyň we Kipriň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistan Hytaýy Awazadaky foruma çagyrdy

Azerbaýjan Siriýa tebigy gaz iberer

Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary täzelendi

«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň başlygy wezipesinden boşadyldy