SPORT

Türkmenistanyň “Galkan” topary halkara ýaryşa ýeňiş bilen başlady

Ozal hem habar berşimiz ýaly, şu gün paýtagtymyz Aşgabatda hokkeý boýunça halkara ýaryş badalga aldy. Türkmenistanyň, Belarus, Türkiýe, Gazagystan, Gyrgyz, Özbegistan Respublikalarynyň, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň, Oman Patyşalygynyň, Bahreýn Patyşalygynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň öňdebaryjy hokkeý toparlarynyň gatnaşmagynda geçirilýän halkara ýaryşda ilkinji duşuşyklar geçirildi.

Ýurdumyzda wekilçilik edýän Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň «Galkan» topary ýaryşa ýeňiş bilen başlady. Türkmen topary Bahreýniň «Bahrain Ice Hockey Club» topary bilen duşuşdy.

Duşuşykda ynamly ýeňiş gazanan “Galkan” topary garşydaşlarynyň derwezesinden 8 şaýba geçirdi. 8:1 hasabynda üstün çykan “Galkan” topary ertir Omanyň «Oman Nationals» topary bilen duşuşar.

Bu oýun ertir — 16-njy aprelde 10:00-da başlanar.

 

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi