SPORT

Türkmenistanyň futbol ýygyndysy Tailandyň milli ýygyndysy bilen duşuşar

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Aziýa-2027 Kubogynyň saýlama oýunlarynyň ikinji tapgyrynyň öňýanynda türgenleşik işlerine girişdi

«Nusaý» stadionynda dowam edýän türgenleşik işlerinde milli ýygyndymyzyň oýunçylary türgenleşik işlerini iki wagtyna geçirýärler. 9-njy iýuna çenli dowam etjek türgenleşik ýygnanyşygynyň dowamynda ýygyndy toparymyzyň oýunçylary beden taýýarlygyna hem-de taktiki seljermelere gatnaşarlar.

Türgenleşik ýygnanyşygynyň dowamynda milli ýygyndymyza çagyrylan 30 oýunçynyň 23-si Tailandyň ýygyndy toparynyň garşysyna geçiriljek duşuşygyň gutarnykly sanawyna düşer. Milli ýygyndymyzyň baş tälimçisi Röwşen Meredowa türgenleşik işlerinde Dawid Sarkisowyň, Aziz Kambarowyň, Orazberdi Myradowyň hem-de Pawel Matusyň kömekleşýändiklerini bellemek gerek.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Aziýa-2027 Kubogynyň saýlama tapgyryndaky ikinji duşuşygyny Tailandyň milli ýygyndysynyň garşysyna geçirer. Bu duşuşyk 10-njy iýunda paýtagtymyzdaky “Aşgabat” köpugurly stadionynda geçiriler. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen 20:00-da başlanar.

Ýene-de okaň

Türkmen türgenleri «Ýüpek ýoly – 2025» rallisinde öňdelige eýeleýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Halkara Tennis Federasiýasy bilen hyzmatdaşlygyny berkidýär

Türkmenistan III GDA oýunlaryna gatnaşar

Ronaldo portugal tälimçi bellendi

Luka Modriç “Milan” toparyna geçdi

Ýoahim Löw Özbegistanyň milli ýygyndysyna baş tälimçi bolup biler

Ata Watan Eserleri