SPORT

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň wekilleri AFC-nyň 2025-nji ýyldaky Kongresine gatnaşdylar

Saud Arabystanynyň paýtagty Er-Riýad şäherinde Aziýa Futbol Konfederasiýasynyň (AFC) milli assosiasiýalarynyň prezidentleriniň we Baş sekretarlarynyň gatnaşmagynda Kongres geçirildi.

Bu möhüm çärä Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň başlygy Guwançmuhammet Owekow bilen TFF-niň Baş sekretary Serdar Geldiýew gatnaşdylar. Konferensiýanyň soňunda gatnaşyjylara ýörite sertifikatlaryň gowşurylandygyny bellemek gerek.

Geçirilen Kongres Aziýa yklymynda futbolyň ösdürilmeginde, täze strategiýalaryň işlenip düzülmeginde we agza ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynda möhüm orun eýeledi.

Kongresiň açylyş dabarasynda çykyş eden AFC-niň prezidenti, Şeýh Salman bin Ibrahym Al Halifa myhmansöýerlik bilen çykyş edip, konfederasiýanyň agzalaryna hem-de sebitdäki guramalaryň ýolbaşçylaryna hoşniýetli sözlerini beýan etdi.

Öz çykyşynda Şeýh Salman soňky ýyllarda geçirilýän özgertmeleriň ähmiýetini belläp, konfederasiýanyň täze klub ulgamyna geçendigini nygtady. Onuň sözlerine görä, AFC-niň esasy maksady milli assosiasiýalaryň ösüşini goldamak we olaryň mümkinçilikleriniň doly açylmagyna ýardam bermekdir.

Kongresiň maksady — dolandyryş hem-de tehniki menejment boýunça standartlary ýokarlandyrmak, şeýle-de agza assosiasiýalaryň arasynda tejribe alyşmagy ösdürmekden ybarat boldy.

Saud Arabystanynyň Futbol federasiýasy (SAFF) tarapyndan guralan bu giň gerimli çäräniň dowamynda futbol ulgamynyň esasy ugurlary boýunça tejribeli bilermenler öz tejribelerini paýlaşdylar.

Kongresiň ilkinji güni hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy, bilim we tejribe alyşmak hem-de innowasion çözgütleriň ornaşdyrylmagy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ikinji gün bolsa «Kommersiýa hakykaty» atly sessiýanyň çäklerinde futbolyň durnukly ösüşi we strategik hyzmatdaşlyk ugurlary boýunça pikir alşyldy.

AFC-niň ýyllyk çäreleriniň iň möhümleriniň biri bolan üç günlük Kongresiň futbol jemgyýetçiliginiň abraýly wekillerini bir ýere jemländigini bellemek gerek.

TFF-niň Baş sekretary Serdar Geldiýew bu ähmiýetli çärä gatnaşmagynyň netijelerine ýokary baha berdi:

«Bu ýerde örän köp peýdaly maglumatlary almaga mümkinçilik boldy. Alyp barýan işimiziň netijeliligini artdyrmaga we dünýäniň öňdebaryjy derejesinde ösüş gazanmaga ýardam berjek gymmatly tejribe topladyk».

TFF-niň wekilleri şeýle hem AFC Awards Riyadh 2025 atly dabaraly baýrak gowşuryş çärelerine gatnaşdylar.

Bu çärede Aziýa Futbol Konfederasiýasy tarapyndan yklym futbolynyň ösmegine aýratyn goşant goşan türgenleri, tälimçileri, eminleri hem-de milli we sebit assosiasiýalaryny sylaglanyş dabarasy geçirildi.

Ýene-de okaň

FIFA we Saud Arabystany ösüp barýan ýurtlara ýeňillikli karz berer

Tramp Ronaldo bilen duşuşdy

PSŽ-niň goragçysy Hakimi Afrikada ýylyň futbolçysy boldy

Kýurasao dünýä çempionatyna gatnaşýan iň az ilatly ýurt boldy

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempionatyna gatnaşjak 42 milli ýygyndy belli boldy

Norwegiýa 27 ýyldan soň ilkinji gezek dünýä çempionatyna çykdy