DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçisi resmi taýdan işine girişdi

Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Maksat Çaryýew ynanç hatynyň nusgasyny Fransiýanyň Ýeliseý köşgüniň Döwlet protokoly we diplomatik çäreler boýunça direktory Filipp Franka gowşurdy. Bu barada Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasynyň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

Duşuşygyň barşynda Fransiýanyň Döwlet protokolynyň ýolbaşçysy Tükrmenistanyň ilçisini wezipä girişmegi bilen gutlap, diplomatik işinde üstünlikler arzuw etdi. Ol Döwlet protokolynyň Türkmenistan bilen Fransiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeňleşdirmegi üçin ikitaraplaýyn başlangyçlara hemmetaraplaýyn goldaw bermäge taýýardygyny belledi.

Türkmenistanyň ilçisi hem öz gezeginde ýakymly arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, türkmen-fransuz hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagy üçin ähli tagallalary etjekdigini mälim etdi.

Ýene-de okaň

Türki dünýäsiniň futbol diplomatiýasy

ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda halkara Nowruz baýramyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi

Seulda türkmen-koreý syýasy geňeşmeleri geçirildi

17-nji aprelde GDA-nyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçiriler

Aşgabat-Seul: konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi

Türkmenistan Ýaponiýanyň gadymy paýtagty bolan Nara şäheri bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär