JEMGYÝET

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugyna täze ýolbaşçy bellendi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk edaralarynyň 2025-nji ýylda alyp baran işleriniň netijelerine seredildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Döwlet serhet gullugynyň başlygy – Serhet goşunlarynyň serkerdebaşysy, general-maýor Ýazgeldi Nuryýewi eýeleýän wezipesinden boşatdy.

Bu wezipä gullugyň başlygynyň orunbasary polkownik Ilaman Ilamanow bellendi.

Şunuň bilen bilelikde, Ilaman Ilamanow Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygynyň orunbasary – baş karargähiň serkerdesi wezipesinden boşadyldy.

Related posts

Seçimlere katılım yüzde 94’u geçti: Oy verme devam ediyor

vepa

“Açyk gapylar” güni geçirildi

Ata Watan Eserleri

Awazadaky foruma döwlet we hökümet Baştutanlarynyň gatnaşmagyna garaşylýar

Ata Watan Eserleri