SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagy açyldy

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça sekretary Sibi Jorj, dostlukly döwletiň ýurdumyzdaky ilçihanasynyň wekilleri hem-de ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar.

Dabara gatnaşyjylar uniwersitetiň sport merkeziniň binýadynda Aýurweda okuw otagynyň açylmagy mynasybetli gutlag sözlerini beýan etdiler.

Hindi tarapynyň wekilleri aýurwedanyň adam saglygyna ýetirýän oňyn täsiri barada aýratyn durup geçdiler. Nygtalyşy ýaly, aýurweda Hindistanda asyrlaryň dowamynda ulanylyp gelinýän, däp bolan lukmançylyk ulgamydyr. Dünýäde iň gadymy bejerijilik toplumy bolan aýurwedanyň adam bedeniniň, pikirlenişiniň we ruhy dünýäsiniň arasynda bitewi sazlaşygy emele getirmekde, netijede, umumy saglyk ýagdaýyny gowulandyrmakda ähmiýeti uludyr. Aýurwedada bu sazlaşyk tebigy serişdeleriň, kadaly iýmitlenişiň, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň, ýoga maşklarynyň we dermanlyk ösümlikleriň esasynda gazanylýar. Şeýle hem ol adam bedenini zyýanly maddalardan we möwsümleýin kesellerden saplamaga, özüňi ruhubelent, ynamly alyp barmaga ýardam edýär. Bu aýratynlyklar uzak we sagdyn ömrüň baş şerti bolup durýar. “Aýurweda” sözüniň özi hem “durmuş bilimi” ýa-da “uzak ömür baradaky ylym” diýmegi aňladýar.

Aýurweda lukmançylygynyň adam saglygyna ägirt uly peýdaly taraplaryny we gadymdan gelýän däplerini dünýäde giňden wagyz etmek maksadyndan ugur alyp, Hindistan Respublikasy daşary döwletler bilen hyzmatdaşlykda dürli çäreleri geçirýär. Şeýle çäreler ýurdumyzda hem yzygiderli häsiýete eýedir. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň birnäçe hünär ugurlarynda adaty hindi lukmançylygy boýunça okuw sapaklary geçirilýär. Şeýle sapaklara aýurweda boýunça hindistanly bilermenler hem yzygiderli gatnaşýarlar.

Ýene-de okaň

BSGG-niň ýolbaşçysy çagalar üçin sosial torlarda ýaş çäklendirmelerini girizmäge çagyrdy

Alymlar Nipah wirusyna garşy sanjym işläp düzdüler

“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara uçuş tertibini täzeledi

Türkmenistanda syýahatçylyk kärhanalarynyň sany 250-ä golaýlady

“Türkmenistan” awiakompaniýasy çagalar üçin ýeňillikli uçuşlary yglan etdi!

ABŞ wizasynda täzelik : Bond howa menzilleriň sany artdy