DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasyna iş sapary

2025-nji ýylyň 14-18-nji dekabry aralygynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasary M.Muhammedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Russiýa Federasiýasyna iş sapary bilen boldy.

Saparyň dowamynda taraplaryň wekiliýetleriniň ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi. Duşuşykda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky gümrük hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hususan-da, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal gümrük gullugynyň arasynda 2026–2028-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak we giňeltmek boýunça bilelikdäki çäreleriň Meýilnamasyny taýýarlamak we ylalaşmak meselelerine aýratyn üns berildi. Bu Meýilnama gümrük işiniň sanlylaşdyrylmagy, maglumat alyş-çalyşy, işgärleri taýýarlamak ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi göz öňünde tutýar.

Saparyň maksatnamasynyň çäklerinde wekiliýet Elektron deklarirleme merkezine, Russiýanyň gümrük akademiýasyna, şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň Federal gümrük gullugynyň Kinologiýa merkezine baryldy we bu edaralaryň iş tejribesi bilen tanyşyldy.

Bu iş sapary Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň gümrük gulluklarynyň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge we özara gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga özara gyzyklanmalaryň bardygyny tassyklady.

Ýene-de okaň

Täjigistanda ýylyň şygaryna bagyşlanan dabara geçirildi

Ata Watan Eserleri

Köneürgenç etraby 2025-nji ýylyň jemleri boýunça iň gowy etrap diýlip yglan edildi

Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministri wezipesinden boşadyldy

Türkmenistandan «EKSPO — 2030» sergisine gyzyklanma

Türkmenistanyň wekiliýeti Çaga zähmetini aradan aýyrmak boýunça bütindünýä maslahatyna gatnaşdy

Rumyniýanyň döwlet sekretary bilen duşuşyk