JEMGYÝET

«Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly eseriň XIV jildi çapdan çykdy

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň köp ýyllyk ylmy-ensiklopedik işi bolan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli eseriniň XIV jildi çapdan çykdy. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu gün geçirilen giňişleýin mejlisinde habar berildi. 

“Türkmenistan” gazetiniň elektron neşirinde habar berlişi ýaly, kitabyň täze jildinde hem sahawatly topragymyzda ösýän 118 sany dermanlyk ösümlikleri barada doly we düýpli maglumatlar berilýär.

Alym Arkadagymyz kitabynyň girişinde türkmen topragyndaky ösýän 2000-den gowrak dermanlyk ösümlikleriniň halk lukmançylygynda ulanylýandygyny, olaryň 500-den köpräginiň Türkmenistanyň florasynyň endemikleri hasaplanylýandygyny belleýär. Şonuň üçin Türkmenistanyň endemik dermanlyk ösümlikleri bilen baglanyşykly türkmenleriň halk lukmançylygyndaky gadymy däplerini göz öňünde tutup, olary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girmäge hut mynasyp diýip hasaplaýandygy baradaky pikirini öňe sürýär.

Täze kitap lukmançylyk hünär ugurlary boýunça okaýan talyp ýaşlara kämil bilim bermekde, olary ylma ugrukdyrmakda hem uly ähmiýete eýedir. Ol lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýä lukmançylyk ylmynyň, fitoterapiýanyň ösmegine hem kämilleşmegine goşan nobatdaky ägirt uly goşandydyr.

Lukman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseriniň XIV jildiniň çapdan çykmagy ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününde ulgamyň işgärleri üçin ajaýyp baýramçylyk sowgady boldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Türkiýäniň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi: 2026-njy ýyl üçin diplomy ykrar edilýän halkara uniwersitetler

Ata Watan Eserleri

Bernardo Silwa tomusda “Mançester Siti” toparyndan gider

Kristofer Wizda: “Makul Iňlisçe-Türkmençe” gollanma seýrek duş gelýän gymmatlyk

Owganystanyň başlangyjy bilen ilkinji “Owganystan–Merkezi Aziýa” konsultatiw dialogy ýola goýuldy

Ata Watan Eserleri

Milli Liderimiz Arkadag şäherindäki 30 müň orunlyk metjidiň gurluşygy bilen tanyşdy

Ata Watan Eserleri