Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň daşary ykdysady syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler, bu ulgamda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça taýýarlanylan teklipler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň daşary döwletler, halkara ykdysady we maliýe guramalarydyr edaralary bilen deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürýändigi bellenildi. Bu ugurdaky çäreler bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga, özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmaga, hyzmatdaşlygyň maýa goýum, tehnologik, maliýe meselelerine ünsi güýçlendirmäge gönükdirilendir.
Öňde goýlan möhüm wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, 38 ýurt bilen ikitaraplaýyn esasda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparlar döredildi. 2023-2024-nji ýyllarda bu toparlaryň mejlisleriniň 35-si geçirildi. Iş geňeşleriniň mejlisleri, işewürlik we maýa goýum maslahatlary, sergilerdir ýarmarkalar yzygiderli guralýar. Ýurdumyzyň daşary ykdysady işi köptaraplaýyn görnüşde hem yzygiderli alnyp barylýar. Hususan-da, BMG-niň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasy, Ýewropa ykdysady komissiýasy, Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasy, Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy (SPECA), Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasy, Bütindünýä Söwda Guramasy ýaly halkara düzümler bilen bilelikdäki işler durmuşa geçirilýär. Şeýle hem Türkmenistan halkara we sebitleýin maliýe edaralary — Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky, Aziýanyň ösüş banky, Yslam ösüş banky hem-de beýlekiler bilen işjeň hyzmatdaşlyk edip, gatnaşyklary pugtalandyrýar.
Türkmenistan ösen döwletleriň birnäçesiniň iri banklary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy saklaýar. Bu babatda giň gerimli ykdysady taslamalary durmuşa geçirmek boýunça bilelikdäki işler amala aşyrylýar. Şoňa görä, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin amatly esaslaryň we mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Şundan ugur alyp, Daşary işler ministrligi birnäçe resminamalary işläp taýýarlamagy teklip edýär. Şolaryň hatarynda “Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Maksatnamasynyň” taslamasy; “Türkmenistanyň ykdysady ugurdaky halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça 2026 — 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň meýilnamasynyň” taslamasy, “Türkmenistanyň halkara maliýe institutlary bilen bilelikdäki işi hakynda 2026 — 2028-nji ýyllar üçin “Ýol kartasynyň” taslamasy bar. Beýan edilenleri nazara almak bilen, bu resminamalary taýýarlamak boýunça pudagara topary döretmek hem-de onuň birinji mejlisini şu ýylyň mart aýynyň ikinji ýarymynda geçirmek teklip edilýär.