«Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy» tassyklanyldy. Bu baradaky degişli Karara 8-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gol çekdi.
Bellenilişi ýaly, täze Konsepsiýa Daşary işler ministrliginiň öňünde goýlan möhüm wezipeler hem-de häzirki zaman talaplary göz öňünde tutulyp taýýarlanyldy. Bu resminama sebit we ählumumy derejede syýasy hem-de geoykdysady ýagdaýlaryň öwrenilmegine esaslanýan degişli ugurlary öz içine alýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan geljekde-de BMG-niň we beýleki halkara guramalaryň çäklerinde yzygiderli hyzmatdaşlyga ygrarly bolar.
Mundan başga-da, bu Konsepsiýa biziň ýurdumyza dünýä ykdysadyýetiniň häzirki emele gelen ýagdaýyny nazara almak bilen, esasy maliýe, ykdysady we söwda edaralarynyň işine has işjeň gatnaşmaga mümkinçilik berer. Onda Türkmenistanyň energetika, ulag we kommunikasiýalar ulgamlarynda iri taslamalarynyň ähmiýeti hem-de bu ugurlardaky öňde durýan wezipeler beýan edilýär. Resminamada sanly diplomatiýanyň ösdürilmegine, maglumat we kiberhowpsuzlygynyň üpjün edilmegine aýratyn üns berilýär.
Döwlet Baştutanymyz hödürlenilen Konsepsiýany makullap, onda Türkmenistanyň geljek ýedi ýylda daşary syýasy ugruny durmuşa geçirmegiň täze wezipeleriniň we çemeleşmeleriniň beýan edilip, olaryň Bitarap döwletimiziň daşary syýasatynyň ileri tutulýan bäş strategik ugruna esaslanýandygyny nygtady.
