BILIM

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty

2020/2021-nji okuw ýyly üçin hünärmenleri taýýarlamagyň aşakdaky ugurlary (hünärleri) boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

  1. Sy­ýa­sat ylym­la­ry we se­bit öw­re­niş (hünär: hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry we dip­lo­ma­ti­ýa).
  2. Hu­kuk işi (hü­när: hal­ka­ra hu­ku­gy).
  3. Yk­dy­sa­dy­ýet we do­lan­dy­ryş (hü­när: hal­ka­ra yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry).
  4. Köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri we mag­lu­mat-ki­tap­ha­na işi (hü­när: hal­ka­ra žur­na­lis­ti­ka­sy).

Ins­ti­tu­ta Türk­me­nis­ta­nyň umu­my or­ta ýa-da or­ta hü­när bi­lim­li, ýa­şy 35-den geç­me­dik ra­ýatla­ry gi­riş sy­nag­la­ry­nyň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça bäs­leşik esa­syn­da ka­bul edil­ýär.

Res­mi iş ka­gyz­la­ry Aş­ga­bat şä­he­rin­de 2020-nji ýy­lyň 6 — 19-njy iýu­ly ara­ly­gyn­da kabul edil­ýär.

Res­mi iş ka­gyz­la­ry­nyň sa­na­wy:

— bel­le­ni­len nus­ga­da rek­to­ryň ady­na ýa­zylan ar­za;

— bel­le­ni­len nus­ga­da­ky so­wal­na­ma (an­ke­ta);

— umu­my or­ta (ýa-da or­ta hü­när) bi­lim ba­rada­ky res­mi­na­ma (asyl nus­ga­sy);

— Türk­me­nis­ta­nyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş we derman se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi ta­ra­pyn­dan bel­le­ni­len nus­ga­da­ky sag­lyk ke­pil­na­ma­sy;

— soň­ky okan ýe­rin­den (iş­län ýe­rin­den, harby bö­lüm­den) hä­si­ýet­na­ma;

— 3×4 öl­çeg­dä­ki se­kiz sa­ny fo­to­su­rat;

— iş­le­ýän­ler üçin zäh­met dep­der­çe­si­niň tassyk­la­nan gö­çür­me­si;

— gi­riş sy­nag­la­ryn­dan üs­tün­lik­li ge­çen ýagda­ýyn­da ar­tyk­maç­lyk­lar­dan peý­da­lan­ýan oku­wa gir­ýän ýy­lyn­da mek­dep okuw­çy­la­ry­nyň ders­ler bo­ýun­ça döw­let bäs­le­şi­gi­niň ýe­ňi­ji­le­ri, umu­mybi­lim ders­le­ri bo­ýun­ça hal­ka­ra bäs­le­şik­le­ri­ne gat­na­şan Türk­me­nis­ta­nyň ýy­gyn­dy to­pa­ry­nyň ag­za­la­ry şol ýag­daý­la­ry tas­syk­la­ýan de­giş­li resmi­na­ma­nyň asyl nus­ga­sy­ny tab­şyr­ýar­lar.

Bu­lar­dan baş­ga-da, oku­wa gir­mä­ge is­leg bil­dirýän­ler ýo­kar­da gör­ke­zi­len res­mi­na­ma­lar bi­len birlik­de res­mi­na­ma­la­ry ka­bul ed­ýän iş to­pa­ry­na aşakda­ky­la­ry gör­kez­ýär­ler we nus­ga­la­ry­ny tab­şyr­ýar­lar:

— şah­sy pas­por­ty­ny;

— Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­rag­ly Güýç­le­rin­de harby gul­lu­gy ge­çen­ler har­by şa­ha­dat­na­ma­sy­ny, har­by gul­lu­gy geç­me­dik ýi­git­ler ýa­zy­lyş şa­hadat­na­ma­sy­ny we ýa­şa­ýan ýe­ri bo­ýun­ça har­by we­kil­lik­den gü­wä­ha­ty­ny.

Da­laş­gär ta­lyp­ly­ga ka­bul edil­mek üçin ar­tykmaç hu­kuk­dan peý­da­lan­ýan­dy­gy­ny tas­syk­la­ýan beý­le­ki res­mi­na­ma­la­ry gör­ke­zip bi­ler.

Nä­dog­ry ber­len mag­lu­mat­lar we res­mi iş kagyz­la­ry üçin da­laş­gär şah­sy jo­gap­kär­çi­lik çekýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry we oku­wa ka­bul edil­mek ins­ti­tut­da (Aş­ga­bat şä­he­ri) aşak­da­ky möh­let­lerde ge­çi­ril­ýär:

Le­bap we­la­ýa­ty — iýul aýy­nyň 22-si, 25-i we 28-i gün­le­ri;

Da­şo­guz we­la­ýa­ty — iýul aýy­nyň 22-si, 25-i we 28-i gün­le­ri;

Ma­ry we­la­ýa­ty — iýul aýy­nyň 23-i, 26-sy we 29-y gün­le­ri;

Bal­kan we­la­ýa­ty — iýul aýy­nyň 23-i, 26-sy we 29-y gün­le­ri;

Aş­ga­bat şä­he­ri — iýul aýy­nyň 24-i, 27-si we 30-y gün­le­ri;

Ahal we­la­ýa­ty — iýul aýy­nyň 24-i, 27-si we 30-y gün­le­ri.

Gi­riş sy­nag­la­ry aşak­da­ky ders­ler bo­ýun­ça ge­çi­ril­ýär:

hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry we dip­lo­ma­ti­ýa, hal­ka­ra hu­ku­gy hü­när­le­ri — Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy, iň­lis di­li, türk­men di­li we ede­bi­ýa­ty;

hal­ka­ra yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry hü­nä­ri — ma­te­ma­ti­ka, iň­lis di­li, Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy;

hal­ka­ra žur­na­lis­ti­ka­sy hü­nä­ri — türk­men di­li we ede­bi­ýa­ty, iň­lis di­li, Türk­me­nis­ta­nyň tary­hy.

Ders­ler bo­ýun­ça gi­riş sy­nag­la­ry Türk­me­nis­tanyň or­ta mek­dep­le­ri­niň okuw mak­sat­na­ma­la­rynyň esa­syn­da ge­çi­ril­ýär.

De­giş­li dil öw­red­ýän ders­ler­den baş­ga, äh­li ders­ler bo­ýun­ça gi­riş sy­nag­la­ry döw­let di­lin­de dil­den ge­çi­ril­ýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry­nyň ter­ti­bin­de bel­le­ni­len wagt­da sy­na­ga esas­syz se­bäp­le­re gö­rä gelme­dik­ler ýa-da ders­le­riň bi­ri bo­ýun­ça sy­nagdan ge­çip bil­me­dik­ler soň­ky sy­nag­la­ra goý­beril­me­ýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry­nyň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça deň muk­dar­da ba­ha alan­lar­dan ta­lyp­ly­ga ka­bul edil­mek üçin ar­tyk­maç hu­kuk­dan aşak­da gör­ke­zi­len­ler peý­da­lan­ýar­lar:

— saý­lan ugry bo­ýun­ça 2 ýyl­dan az bol­madyk iş tej­ri­be­si bo­lan­lar;

— ça­gy­ryş bo­ýun­ça har­by gul­lu­gy ge­çen­ler.

Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ins­ti­tu­ty­nyň sal­gy­sy: Aş­ga­bat ş., Gal­ky­nyş kö­çe­si, 25, tel.: 22-68-50.

Ýene-de okaň

Türkmen ýaşlary Hytaýyň we Wengriýanyň abraýly bilim edaralaryna okuwa iberiler

Türkmenistan-Gruziýa: bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk

Ata Watan Eserleri

Iňlis dilini bir ýyl mugt öwrenmek mümkinçiligi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Merkezi Aziýanyň rektorlarynyň forumyna gatnaşýar

«Türkçe-türkmençe sözlük» neşir edildi

Russiýa Türkmenistanyň bilim edaralaryna 1 müňden gowrak kitap iberdi