DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligindäki duşuşyklar

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde YHG-niň Ministrler Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak maksady bilen türkmen paýtagtyna gelen daşary ýurt wekiliýetleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirildi.

ÖZBEGISTAN…

Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrleri Raşid Meredowyň hem-de Abdulaziz Kamilowyň arasynda gepleşikler geçirildi.

Diplomatlar sebit derejesindäki özara hereketleriň depginine aýratyn ähmiýet bermek bilen, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça ikitaraplaýyn gün tertibiniň derwaýys ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Işjeň ýagdaýda geçirilen söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň BMG, YHG, AHHG we beýleki guramalaryň çäklerindäki özara hereketlerine hem seredilip geçildi. Halkara düzümleriniň çäklerindäki ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň hem-de ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen başlangyçlaryň we teklipleriň özara goldanylmagynyň oňyn tejribesi hem nygtaldy.

EÝRAN…

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň YHG-nyň Ministrler Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak maksady bilen türkmen paýtagtyna gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mehdi Safari bilen duşuşygy geçirildi.

Işjeň ýagdaýda geçirilen söhbetdeşligiň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ýangyç-energetika ulgamyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda medeni-ynsanperwerlik ugry boýunça özara hereketleriň has hem işjeňleşdirilmeginiň zerurlygy beýan edildi.

R.Meredow we M.Safari şeýle-de sebit we halkara gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän derwaýys meselelerine hem aýratyn üns berdiler.

TÄJIGISTAN…

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Ministrler Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin bilen gepleşikleri geçirdi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň we Täjigistanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary döwletara gatnaşyklaryň derwaýys meseleleri, şol sanda halkara hem-de sebit gün tertibiniň ähmiýetli ugurlary boýunça pikirleri alyşdylar.

Taraplar şeýle-de YHG-nyň Döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky Sammitiniň barşynda iki ýurduň Prezidentleriniň arasynda geçiriljek gepleşikleriň gün tertibini hem ara alyp maslahatlaşdylar.

GYRGYZYSTAN…

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Ministrler Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri Ruslan Kazakbaýew bilen gepleşikleri geçirildi.

Söhbetdeşligiň barşynda ministrler syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar ynanyşmak, özara hormat goýmak we bähbitlilik ýörelgelerine laýyklykda alnyp barylýan Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň arasyndaky däp bolan dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň barha ösdürilýändigini nygtadylar. Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky özara hereketleriň netijeliligi hem-de halkara we sebit düzümleriniň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň işjeňligi hem aýratyn bellenildi.

 

Türkmenistanyň we Türkiýäniň daşary işler ministrleri duşuşdy

 

 

Ýene-de okaň

ABŞ-da 2-nji uçar heläkçiligi

Gyrgyzystan ilkinji ekologiýa taýdan amatly şäher gurlar

Türki döwletleriň guramasynyň 12-nji resmi sammiti Azerbaýjanda geçiriler

ABŞ-da uçar heläkçiligi boldy

Türkmenistan bilen Monako medeniýet, sport we haýyr-sahawat pudagynda hyzmatdaşlygyny ösdürer

Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň ýörite geňeşçisi Merkezi Aziýada saparda bolar