DÜNÝÄ

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Nýu-Ýorkda saparda bolar

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa 2023-nji ýylyň 30-njy martynda ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherindäki Birleşen Milletler Guramasynyň merkezi binasyna barar. Bu barada Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy habar berýär.

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Türkiýe Respublikasynyň başlangyjy bilen öňe sürlen galyndylaryň derejesini azaltmak boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýokary derejeli duşuşygyna gatnaşar.

Bu duşuşyk Galyndysyz dünýä boýunça halkara güni mynasybetli BMG-niň Daşky gurşawy goramak boýunça Maksatnamasy bilen BMG-niň Habibat edarasynyň guramaçylygynda geçiriler. Onda 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş boýunça gün tertibiniň çäklerinde galyndylary dolandyrmagyň ekologiki esasnamalary ara alnyp maslahatlaşylar.

Bu duşuşygyň çäklerinde täze we döwrebap Arkadag şäheri hem tanyşdyrylar. Bu şäherde galyndysyz tehnologiýa, “akylly şäher” ulgamlary we döwrebap ekologiýa çözgütleri giňden ulanylýar.

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary saparynyň çäklerinde BMG-niň ýokary derejeli wekilleri bilen gepleşikler geçirer. Gepleşikleriň barşynda sebit we halkara derejesinde dunukly ösüşi gazanmak we parahatçylygy pugtalandyrmak boýunça halkara hyzmatdaşlygynyň dürli meseleleri boýunça pikir alyşmalar bolar.

Ýene-de okaň

Koreýa Respublikasy Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

29-njy martda geçiriljek saýlawlarda saýlaw uçastoklarynyň 578-si hereket eder

Eýranyň Aşgabatdaky ilçihanasynda Aýatolla Hameneýi üçin gynanç kitaby açyldy

Eýrandaky Hytaýyň raýatlary Türkmenistanyň üsti bilen ýurduna dolandy

Eýrandaky ABŞ-nyň raýatlaryna Türkmenistan geçelgesini ulanmak boýunça bildiriş

Türkmenistan Eýrandaky daşary ýurt raýatlary üçin ynsanperwer geçelge döredýär

Ata Watan Eserleri