DÜNÝÄ

Türkmenistanyň daşary işler ministri Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygy bilen duşuşdy

Gruziýada saparda bolan Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Gruziýanyň Mejlisiniň Başlygy Şalwa Papuaşwili bilen duşuşdy. Bu barada Gruziýanyň parlamentiniň resmi saýtynda habar berilýär.

Duşuşykda taraplar Gruziýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky köpasyrlyk dostlukly gatnaşyklaryň bardygyny nygtadylar.

Gruziýanyň Premýer-ministriniň we Parlamentiniň Başlygynyň Türkmenistana amala aşyran ýokary derejeli saparlaryna oňyn baha berildi.

Iki ýurduň arasynda söwda, ykdysadyýet, syýahatçylyk, ulag, energetika we medeniýet ugurlaryndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdy.

Şalwa Papuaşwili parlamentara gatnaşyklaryň netijeliligini belläp, komitetleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýetini aýratyn nygtady. Ol Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygyny Gruziýada kabul etmäge taýýardygyny aýtdy.

Taraplar iki ýurduň günbatar-gündogar ugur boýunça baglanyşygynyň möhüm geografik ähmiýetine aýratyn üns berdiler. Şeýle hem ulag we energetika taslamalary boýunça pikir alyşmalar geçirildi.

BMG-niň çäklerindäki Gruziýa bilen Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyna oňyn baha berildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Ilçisiniň Gruziýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşygy

Türkmenistanyň wekiliýeti «Energoprom-2026» Kazan forumyna gatnaşdy

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlaryny ösdürmegi maslahatlaşdylar

Türkmenistan-Ýaponiýa: suwuklandyrylan gazdan gelium gazyny öndürmek maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň ilçisi Malaýziýanyň oba hojalyk ministri bilen duşuşdy

Türkmenistan Russiýadaky Halkara ulag-logistika forumyna gatnaşýar