DÜNÝÄ

Türkmenistanyň daşary işler ministri Awstriýada saparda bolýar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara gatnaşyklary boýunça federal ministri Aleksandr Şallenbergiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Gepleşikleriň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny, şol sanda syýasy we diplomatik ugurda özara gatnaşyklary, söwda we ykdysady gatnaşyklary, energiýa, medeni alyş-çalyşlary ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem sebitara we global meseleler boýunça pikir alyşdylar.

Duşuşygyň jemleri boýunça 2024-2025-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara gatnaşyklary ministrliginiň arasynda Hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekildi.

Wena şäherine amala aşyraýn saparynyň çäginde Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow Awstriýanyň daşary işler boýunça baş sekretary N.Marşik bilen hem duşuşyk geçirdi. Diplomatlar taraplaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek ugrundaky tagallalaryna ýokary baha berdiler.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 10-12-nji mart aralygynda Awstriýada saparda bolup, birnäçe gepleşikler geçirýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Gazagystan aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirer

Türkmenistanyň ilçisi Ýaponiýada çagalar festiwalyna gatnaşdy

Türkmenistan «Green EXPO 2027 Yokohama» halkara sergisine gatnaşmagy meýilleşdirýär

Türkmenistan “Merkezi Aziýa-Italiýa-Azerbaýjan” oba hojalyk forumyna gatnaşdy

Türkmenistan-Özbegistan: obasenagat toplumynda hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Aşgabat bilen Daşkendiň arasyndaky hyzmatdaşlyk işjeňleşdiriler

Ata Watan Eserleri