JEMGYÝET

Türkmenistanyň daşary işler ministri 5-nji Tbilisi Ýüpek ýoly forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 5-nji Tbilisi Ýüpek ýoly forumyna gatnaşdy.

«Baglanyşyga maýa goýum — durnuklylykda ösüş» şygary astynda geçirilen halkara forum 60-dan gowrak ýurtdan 2000-den gowrak gatnaşyjyny — hökümet wekillerini, işewür toparlaryň ýolbaşçylaryny, halkara guramalaryň hem-de maliýe edaralarynyň ýolbaşçylaryny, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini bir ýere jemledi.

2014-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy sessiýasynda möhüm başlangyç hökmünde öňe sürülenden bäri, Tbilisi Ýüpek ýoly forumy söwda, ulag, energetika we sanly baglanyşyk meseleleri boýunça strategik pikir alyşmalary ösdürýän öňdebaryjy halkara çäreleriniň birine öwrüldi.

Forumda çykyş eden ministr Raşid Meredow Türkmenistanyň ýurtlaryň arasyndaky ynama, öňüni alyjy diplomatiýa we bitaraplygyň ýörelgelerini amaly taýdan ornaşdyrmaga esaslanýan “Bütindünýä howpsuzlyk strategiýasyny” işläp düzmegiň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmagy teklip edýär.

Türkmenistan Durnukly ösüş boýunça 2030-njy ýyla çenli Gün tertibini durmuşa geçirmäge hem-de ählumumy ykdysady, ulag we energetika baglanyşygyny pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýär; Hazar we Gara deňiz ekoulgamlaryny goramak boýunça halkara platformany döretmekde tagallalary birleşdirmegiň maksadalaýykdygyny hasaplaýar. Türkmenistan halkara hukugynyň ýokarlanmagynyň tarapdary bolup çykyş edýär we 2028-nji ýyly “Halkara hukugynyň ýyly” diýip yglan etmegi teklip etdi.

Forumyň çäklerinde ulag we logistika, «Orta geçelgä» ösüşi, energetika we sanly tehnologiýalar, şeýle hem Gruziýanyň maýa goýum ýagdaýy we mümkinçilikleri boýunça panel sessiýalar hem geçirildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti BAE-li işewürleri kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistanyň ilçisini kabul etdi

“Botaş”-yň baş direktory: esasy maksadymyz – türkmen gazyny uzakmöhletleýin satyn almak

Türkmenistanyň nebitgaz pudagyny ösdürmegiň esasy ugurlary

“Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025″ atly 30-njy halkara maslahaty we sergisi başlady

Ata Watan Eserleri

Arkadag şäherinde ilkinji gezek türkmen arçasy ekiler