SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistanyň COVID-19-a garşy taýýarlygy güýçlendirilýär

Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy (BMGÖM) Bütindünýä Banky (WB) we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi (TSGweDSM) bilen bilelikde Bütindünýä Banky tarapyndan maliýeleşdirilýän COVID-19-a jogap boýunça bilelikdäki täze taslama başlamak üçin onlaýn seminar geçirdi. Bu barada Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň resmi web sahypasynda bellenilip geçilýär.

Bu seminar, Türkmenistan Hökümetiniň, BMG agentlikleriniň we ýurtda akkredirlenen beýleki halkara guramalarynyň wekillerini ýygnady we taslamanyň ýerine ýetirilişiniň esasy amaly we maliýe taraplaryny gözden geçirmäge we ara alyp maslahatlaşmaga we taslamanyň ilkinji ýylynda durmuşa geçirilmeli strategiki ugurlaryny kesgitlemäge gönükdirildi.

***

20 million dollarlyk “Türkmenistan COVID-19 jogap” taslamasy Bütindünýä banky tarapyndan maliýeleşdirilýär we BMGÖM we TSGweDSM tarapyndan COVID19 pandemiýasyna garşy ýurduň milli anyklaýyş we bejeriş mümkinçiliklerini güýçlendirmek, lukmançylyk işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak, reagentleri we lukmançylyk enjamlaryny satyn almak we sosial töwekgelçilikleri çözmek ýaly maksatlary öz içine alýar. Taslama ýokanç kesellere gözegçilik etmek üçin sanly çözgütleriň girizilmegini goldar.

 

Dünýäde döredilen ilkinjiler

Ýene-de okaň

BSGG-niň ýolbaşçysy çagalar üçin sosial torlarda ýaş çäklendirmelerini girizmäge çagyrdy

Alymlar Nipah wirusyna garşy sanjym işläp düzdüler

“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara uçuş tertibini täzeledi

Türkmenistanda syýahatçylyk kärhanalarynyň sany 250-ä golaýlady

“Türkmenistan” awiakompaniýasy çagalar üçin ýeňillikli uçuşlary yglan etdi!

Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagy açyldy