SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistanyň çägindäki dürli ugurlara uçuşlaryň tertibi täzelendi

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 2024-nji ýylyň 1-nji awgustyndan başlap Türkmenistanyň çägindäki dürli ugurlara uçuşlaryň tertibini täzeledi.
Meýilnamada görkezilişi ýaly, Aşgabatdan Türkmenbaşy, Daşoguz, Türkmenabat, Mary we Kerki ýaly şäherlere gündelik uçuşlar ýola goýuldy. Aşgabatdan Türkmenbaşa, Türkmenbaşydan Aşgabada gatnawlaryň sany artdyryldy.
Mundan başga-da, Daşoguzdan Türkmenbaşy, Mary we Türkmenabat şäherlerine, şeýle hem Türkmenabat — Türkmenbaşy, Mary — Türkmenbaşy ýaly yzygiderli gatnawlar amala aşyrylar.
Degişli meýilnama has giňişleýin görnüşde «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň resmi web-saýtynda çap edildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar

«ITB BERLIN – 2026» halkara sergisinde Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Daşary ýurt awiakompaniýalary Türkmenistanyň üsti bilen üstaşyr gatnawlary artdyrýarlar