BIZNES

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk söwda nokatlary açylar

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli öňde boljak çäreler bilen baglylykda, Aşgabat şäherinde hem-de welaýatlarda söwda nokatlary açylyp, olarda dürli görnüşli harytlaryň, şol sanda milli sowgatlyk we ýadygärlik harytlaryň söwdasy guralar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygynyň hem-de Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda döredilen guramaçylyk döwlet toparynyň şu gün — 9-njy ýanwarda geçirilen mejlisinde ýurduň söwda toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer N.Atagulyýewe bu ugurdaky işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri dokma senagaty kärhanalarynyň şanly sene bilen bagly sowgatlyk önümlerini öndürmelidiklerini aýtdy hem-de geçiriljek çärelere bagyşlanan sergileri ýokary derejede taýýarlamak üçin zerur bolan ýardamlary bermegi, halkara çärelerine gatnaşyjylaryň hormatyna beriljek günortanlyk we agşamlyk naharlaryny ýokary derejede guramagy wise-premýere tabşyrdy.

Ýene-de okaň

Lebap welaýatynyň ykdysadyýeti 2026-njy ýylyň 3 aýynda ýokary ösüş depginini görkezdi

Şu ýyl Lebap welaýatynda 8 desganyň açylmagyna garaşylýar

Farap etrabynda täze söwda bazary gurlar

«Şabat» türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezinde söwda dolanyşygy ýokarlanýar

Yslamabatda türkmen-pakistan işewürlik hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy

Türkmenistan Malaýziýada geçirilen “OTC Asia 2026” halkara maslahatyna gatnaşdy