DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 28 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çäreler

Wise-premýer, daşary işler ministri R. Meredow Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 28 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek çärelere görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda kabul eden Kararnamasy bilen ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk derejesi ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ýörelgesi bolup durýar. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasy 12-nji dekabry “Halkara Bitaraplyk güni” diýip yglan etdi.

Şanly waka mynasybetli ýurdumyzda birnäçe çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Şolaryň hatarynda «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara forum, Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň duşuşygy, Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasynyň 75 ýyllygyna we Halkara Bitaraplyk gününe gabatlanan “tegelek stoluň” başyndaky maslahat bar.

Şeýle hem Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanda işleýän diplomatik missiýalaryň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň gatnaşmagynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary guramak göz öňünde tutulýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Gazagystan aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirer

Türkmenistanyň ilçisi Ýaponiýada çagalar festiwalyna gatnaşdy

Türkmenistan «Green EXPO 2027 Yokohama» halkara sergisine gatnaşmagy meýilleşdirýär

Türkmenistan “Merkezi Aziýa-Italiýa-Azerbaýjan” oba hojalyk forumyna gatnaşdy

Türkmenistan-Özbegistan: obasenagat toplumynda hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Aşgabat bilen Daşkendiň arasyndaky hyzmatdaşlyk işjeňleşdiriler

Ata Watan Eserleri