Şu ýyl ýurdumyzda halkara giňişlikde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ykrar edilmeginiň 28 ýyllyk şanly toýy toýlanýar. Bu wajyp sene türkmen döwletiniň Garaşsyzlygynyň taryhynda ähmiýetli waka boldy.
Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky Kararnamasy bilen berkidildi. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama ikinji gezek biragyzdan kabul edildi. 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda Baş Assambleýanyň 71-nji sessiýasynyň çäklerinde 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek hakynda Kararnamanyň kabul edilmegi bolsa döwletimiziň bu özboluşly hukuk derejesiniň dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýandygyny nobatdaky gezek aýdyň görkezdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Bitaraplygy — bu mizemez gymmatlygymyzdyr, durmuşymyzyň aýrylmaz bölegidir, biziň baş maksadymyzdyr. Bitaraplyk türkmen halkyna parahat, asuda, bolelin we gülleýän durmuşy berdi. Ol Garaşsyzlygyň çuň manyly ideýalarynyň amala aşyrylmagy üçin ynamdar kepil bolup hyzmat edýär.
Hemişelik Bitaraplyk döwletimize sebitde we dünýäde hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmäge, halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge aýdyň ýol açdy. Türkmenistanyň gysga wagtyň dowamynda dünýä giňişliginde özboluşly daşary syýasaty amala aşyrýan döwlet hökmünde özüni tanatmak bilen, ylalaşdyryjy merkez hökmünde bitiren hyzmatlary Watanymyzyň halkara abraýyny has-da belende göterdi. Bu gün Bitaraplygyň beren miweleri biziň gündelik durmuşymyzyň her bir jähetinde öz beýanyny tapýar. Bitaraplyk derejämizi tassyklaýan jümlelerdir alamatlar Türkmenistanyň Konstitusiýasynda, Döwlet baýdagynda, Döwlet senasynda orun aldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Bitaraplyk derejämizi alamatlandyrýan zeýtun baldajyklary şekillendirilen tugumyz asuda asmanymyzda belentde parlaýar.
1995-nji ýylyň 27-nji dekabrynda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda kabul eden «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» Kararnamasynda dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen we goldanan, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň syýasy, ykdysady we ynsanperwer esaslaryny kesgitleýän, 12 maddadan ybarat bolan «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny kabul edildi. Onda ýurdumyzyň hemişelik Bitarap döwlet hökmünde ykrar edilmeginiň halkymyzyň häzirki we geljekki nesilleriniň durmuşynda ägirt uly ähmiýete eýedigi nygtalýar. Bu Konstitusion kanunyň 3-nji maddasynda Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty durmuşa geçirýändigi, başga döwletler bilen gatnaşyklaryny deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we başga döwletleriň içerki işlerine gatyşmazlyk ýörelgelerinden ugur alyp guraýandygy bellenilýär.
Türkmenistan dünýä ýurtlary, iri halkara guramalar, şol sanda Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen adamzadyň möhüm meseleleriniň ylalaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň mejlisinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin agzalygyna nobatdaky gezek saýlanmagy hem ýurdumyzyň dünýä ýüzündäki nobatdaky ykrarnamasyna öwrüldi.
Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) garamagyna hödürlän teklipleriniň, şol sanda «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamasynyň bu guramanyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi, Aşgabadyň «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilmegi, Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçilýän şanly seneleriň sanawyna goşulmagy, ýurdumyzyň 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna biragyzdan saýlanmagy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi 2023-nji ýylda Watanymyzyň halkara abraýynyň has-da beýgelmeginde möhüm ähmiýete eýe boldy.
Selbiniýaz Goçmyradowa,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.