JEMGYÝET

Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnama kabul edildi

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyndan hoş habar gelip gowuşdy. 6-njy sentýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen hem-de Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda “Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary” atly Kararnama kabul edildi. Bu resminama dünýäniň 87 döwletiniň awtordaş bolup çykyş etmegi onuň tutuş adamzat üçin möhümdiginiň we ägirt uly ähmiýete eýediginiň aýdyň beýany boldy.

Munuň özi Türkmenistanyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyň we sport diplomatiýasynyň dünýäde dabaralanýandygynyň nobatdaky güwäsidir. Bu möhüm resminamanyň kabul edilmegi halkara jemgyýetçilik tarapyndan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda sporty ösdürmek babatda alnyp barylýan işlere berlen ýokary bahadyr.

BMG-niň Baş Assambleýasy öz Kararnamasy bilen ýurdumyzda sporty we bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek, bu ulgamda döwletleriň we halklaryň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan ägirt uly işleri goldady. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan Milletler Bileleşigi bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýär. Sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleriniň özara ylalaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamakda wajyp orny eýeleýän ýurdumyz öz döredijilik mümkinçiliklerini tutuş adamzadyň bähbidine amala aşyrmaga çalyşýar.

Ýene-de okaň

Murat Boz: Türkmenistany öz Watanym ýaly görýärin

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda sebitde iň uly Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezi gurulýar

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň resmi däl sammitine gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Murat Boz Türkmenistanda konsert berdi

Ata Watan Eserleri

“Ýylyň Sözüni” saýlana 1000 manat baýrak : “Makul Sözlük” teklip edýär