JEMGYÝET

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň “Merkezi Aziýanyň parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy” atly Kararnamasy kabul edildi

Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork şäherindäki ştab-kwartirasyndan hoş habar gelip gowuşdy. Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Merkezi Aziýanyň parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy” atly kararnama kabul edildi. Bu barada sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde habar berildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow 2024-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 25-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýanyň parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy” atly kararnama kabul edilednigi belläp geçdi.

Wise-premýer BMG-ä agza ýurtlaryň köpüsi we sebitdäki hemme ýurtlar bu resminamanyň bilelikdäki döredijisi bolup çykyş edendiklerini belledi.

Munuň özi hormatly Prezidentimiziň hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan syýasatynyň aýdyň nyşany bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu kararnamanyň türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň dünýäde adyl we “Açyk gapylar” syýasatyny alyp barýandygynyň subutnamasy bolup durýandygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz BMG-ä agza ýurtlaryň köpüsiniň bu başlangyjy goldamagy, şeýle hem sebitdäki ýurtlaryň hemmesiniň awtordaşy bolup çykyş etmegi uly abraý bolup durýandygyny mälim etdi.

Ýene-de okaň

HHR-iň Başlygy Si Szinpine Gadyrly atly ajaýyp ahalteke bedewi sowgat berildi

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Si Szinpin bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we Hytaýyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

Sefa Gömdeniz: Türkmenistan-Türkiýe strategiki hyzmatdaşlyk täze derejä çykýar

Türkmenistan Azerbaýjanda geçiriljek WUF13 forumyna işjeň gatnaşmagy meýilleşdirýär

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Hytaýa dostluk sapary başlandy