JEMGYÝET

Türkmenistanyň BAE bilen nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlyk etmäge taýýar

Şu gün Abu-Dabide bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministri, goranmak ministri, Dubaýyň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktum hem-de BAE-niň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. Duşuşyklarda türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ugurlary barada anyk teklipler beýan edildi. Bu barada “Türkmenistan” gazetiniň elektron neşiri habar berýär. 

Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministri, goranmak ministri, Dubaýyň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktum bilen geçirilen duşuşykda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly döwlete şu günki saparyna ýurtlarymyzyňdyr halklarymyzyň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde öňe tarap ädilen taryhy ädim hökmünde garaýandygyny belläp, syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda ýetilen sepgitler hem-de geljekki mümkinçilikler barada garaýyşlaryny beýan etdi. Şunda Türkmenistanyň BAE-niň nebitgaz pudagynda iş alyp barýan öňdebaryjy şereketleri bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygy tassyklanyldy.

Döwlet Baştutanymyz BAE-niň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen geçiren gepleşikleriniň barşynda anyk teklipleriň birnäçesini öňe sürdi. Hususan-da, olar Birleşen Arap Emirlikleriniň «Mubadala» şereketi bilen iri nebitgaz taslamalary boýunça hyzmatdaşlyk etmek boýunça degişli işleri ýola goýmakdan, maýa goýum taslamalaryny işjeňleşdirmekden, Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny dünýäniň deňiz port ulgamyna girizmek maksady bilen, Abu-Dabiniň Halkara porty bilen hyzmatdaşlygy goldamakdan, Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiň işine itergi bermekden ybaratdyr.

Hormatly Prezidentimiz sport, atçylyk we atçylyk sporty boýunça hyzmatdaşlygy türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezip, atçylyk sportunyň marafon hem-de konkur görnüşleri, weterinariýa, halkara derejede at çapyşyklaryny guramak ýaly meselelere aýratyn ähmiýet bermegi teklip etdi.

Duşuşyklarda bar bolan mümkinçilikleriň netijeli peýdalanylmagynyň, milli we sebitleýin bähbitleriň amala aşyrylmagy üçin bolşy ýaly, ählumumy ykdysadyýet üçin hem örän ähmiýetlidigi nygtaldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti tebigy gazyň eksport möçberini artdyrmagy tabşyrdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen döwlet maliýe institutyna täze rektor bellendi

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyna täze rektor bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýanyň Baştutanyny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny dörediler

Atagulyýew: Türkmenistan ulag geçelgeleriniň ösüşine aýratyn ähmiýet berýär