SPORT

Türkmenistanyň futzaldaky basdeşleri belli boldy

Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy Aziýa Kubogy-2022-niň saýlama tapgyrynda “A” toparçada çykyş eder. Bu barada Kuala-Lumpur şäherinde onlaýn arkaly geçirilen bije çekişlikde belli boldy. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasy habar berýär.

Geçirilen bijä laýyklykda ýurdumyzyň milli ýygyndysynyň garşydaşlary Eýranyň, Gyrgyz Respublikasynyň hem-de Maldiwleriň milli ýygyndylary bolarlar.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň milli ýygyndysy Merkezi we Günorta sebitinde geçiriljek saýlama ýaryşyna gatnaşar. Bu sebitde geçiriljek saýlama tapgyryna gatnaşýan ýygyndylar toparçalaryň ikisinde bäsleşerler. Saýlama ýaryşlary 2022-nji ýylyň 1-15-nji apreli aralygynda Gyrgyz Respublikasynda geçiriler.

Her toparçada ilkinji iki orny eýelän ýygyndy 2022-nji ýylyň 25-nji sentýabry bilen 20-nji oktýabry aralygynda Kuweýtde geçiriljek Aziýa Kubogynyň final tapgyryna gatnaşmaga mümkinçilik alar.

Merkezi we Günorta sebiti:

“A” toparça:
Eýran, Gyrgyz Respublikasy, TÜRKMENISTAN, Maldiwler.

“B” toparça:
Özbegistan, Täjigistan, Owganystan, Nepal.

 

Türkmenistanyň Prezidenti Pekin Olimpiýa oýunlaryna resmi çakylyk aldy

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi