Aşgabatda, Söwda-senagat edarasynyň binasynda Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel-2022» atly halkara forum geçirildi.
Türkmenistandan gatnaşyjylary hem-de 18 ýurda wekilçilik edýän 30 sany kompaniýalaryň we guramalaryň 100-e golaý daşary ýurtly wekillerini utgaşykly görnüşde bir ýere jemlän forumda Türkmenistanyň aragatnaşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri barada durlup geçildi.
“Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň başlygy Hajymyrat Hudaýgulyýew Türkmenistanyň telekommunikasiýa pudagyny mundan beýläk-de ösdürmegiň ýagdaýy hem-de geljegi barada beýan etdi.
- Internetiň maglumatlary multiserwis taýdan geçiriş ulgamyny giňeltmek we döwrebaplaşdyrmak üçin bahasy ABŞ-nyň 80 million dollaryndan gowrak bolan enjamlar satyn alyndy we gurnaldy.
- Türkmenistany 4G bilen birlikde, ykjam aragatnaşyk bilen doly we hemme ýerlerde üpjün etmek üçin ABŞ-nyň 100 million dollaryndan gowrak bolan enjam satyn alyndy.
- Şeýle hem ähli ilatly ýerlere radiogepleşikleriň doly ýetirilmegi üçin bahasy ABŞ-nyň 15 millio dollaryndan gowrak bolan radiogeçirijiler işe girizildi. Bahasy ABŞ-nyň 30 million dollaryndan gowrak bolan kesgitlenen aragatnaşyk toruny giňeltmek, bar bolan içerki zolakly ulag ulgamyny kämilleşdirmek boýunça işler alnyp barylýar.
- Internet-trafigiň üstaşyr geçirijilik mümkinçiliginiň artdyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Türkmenistanda optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň döwletara birleşme sepleriniň 8-si gurnaldy.
- “Türkmentelekom” elektroaragatnaşyk kompaniýasy hem-de “Azertelekom” JÇJ Türkmenbaşy we Siazan şäherleriniň arasynda Hazar deňziniň düýbünden optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny çekmek ugrundaky taslamanyň üstünde işleýärler.