DÜNÝÄ

Türkmenistanly wekiller Fransiýadaky halkara seminara gatnaşdylar

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlaryndan ybarat bolan wekilçilikli topar Fransiýanyñ Walansýen şäheriniñ Binagärlik-gurluşyk institutynda geçirilen “Ulag hyzmatynyň inženerçiliginde töwekgelçiligi dolandyrmak” atly seminara gatnaşdy. Bu barada ýerli metbugatda bellenilip geçilýär.

Bu seminara Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniñ, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ, Türkmenistanyñ Telekommunikasiýalar we informatika institutynyñ mugallymlary gatnaşdylar. Şol günlerde ýokary okuw mekdepleriniñ mugallymlary täze düzgün tertipnamalary bilen tanyşdylar we özleriniñ iş tejribeleri bilen Ýewropadaky ýokary okuw mekdepleriniñ mugallymlary bilen paýlaşdylar.

Seminaryñ geçirilýän ýeri – Fransiýanyñ “Hauts-de France” adyndaky binagärlik-gurluşyk instituty bolup hyzmat etdi.  Seminaryň geçirilýän ýeri hökmünde bu ýeriň saýlanylmagy hem ýöne ýerden däldir. Berlin şäheriniñ Tehniki uniwersitetiniň, Warşawa şäheriniñ Tehnologiýa uniwersitetiniň hem-de beýleki edarlaryň bu taslama boýunça esasy hyzmatdaşlarynyň biridir. Şu günki günlerde ýurdumyzyñ ýokary okuw mekdepleriniñ we Ýewropanyň abraýly ýokary okuw mekdepleriniñ arasynda teleköpri arkaly sapaklar amala aşyrylýar we hyzmatdaşlyk örän uly depginde öñe barýar.

Seminar Ýewropa Bileleşiginiñ “Erasmus+” maksatnamasy boýunça geçirildi. Halkara seminara Ukraina we Azerbaýjan döwletinden hem wekiliýetler gatnaşdylar.

Ýene-de okaň

«Artyk» gümrük nokadynda türkmen-eýran duşuşygy

Eýranyň Prezidenti Russiýa barýar

Türkmenistan “Aquatech Amsterdam 2025” halkara ýarmarkasyna gatnaşmaga çagyryldy

Türkmenistan energetika mowzukly halkara seminara gatnaşdy

Ýewropa Bileleşiginiň komissarynyň Aşgabada sapary meýilleşdirilýär

Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2025 – 2029-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy kabul edildi