SPORT

Türkmenistanly türgen agyr atletika boýunça dünýä çempiony boldy

Türkmenistanyň wekili Anamjan Rustamowa Peruda geçirilýän ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasynda agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda altyn medal aldy. Çempionat Lima şäherinde 1-6-njy maý aralygynda geçirildi.

Anamjan Rustamowa ýaşlaryň arasynda 87 kilograma çenli agram derejede çykyş edip, umumylykda 249 kilogram (silterläp götermekde 108 kg, itekläp götermekde 141 kg) netije görkezdi. Kümüş medaly 244 kilogram (109 + 135) netije bilen meksikaly Wanessa Lizarraga, üçünji ýeri bolsa umumylykda jemi 242 kilogramy (108 + 134) eýgeren russiýaly Mariýa Gruzdowa eýeledi.
Anamjan Rustamowa öň hem halkara ýaryşlarynda ýeňiji boldy. 2022-nji ýylda ol birbada iki sany ýaş kategoriýasynda – 17 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda we 20 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda Aziýanyň wise-çempiony boldy.
2023-nji ýylyň dekabrynda A.Rustamowa Agyr atletika boýunça Dohada (Katar) Gran-pri tapgyrynda kümüş medal aldy. 2024-nji ýylda Ispaniýanyň Leon şäherinde geçirilen ýaşlaryň arasynda dünýä çempionatynda bürünç medal gazandy.

 

Türkmen türgenleri Peruda 4 medal gazandy

Ýene-de okaň

AFK-nyň futbol boýunça dolandyryş okuwyna badalga berildi

Rumyniýaly meşhur tälimçis Mirça Luçesku aradan çykdy

Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Ankarada 2026-njy ýylyň şygryna we Bütindünýä saglyk günine bagyşlanan futbol bäsleşigi geçirildi

Aziýanyň boks çempionaty:türkmenistanly Döwlet Yslamow ýarym finala çykdy

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň täze möwsüminiň ilkinji duşuşyklary