BILIM

Türkmenistanly talyp SMS habaryny iberýän tok ölçeýji guralyň taslamasyny işläp düzdi

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 4-nji ýyl talyby Nepes Saparnazarow elektrik energiýasynyň sarp edilişine aralykdan gözegçilik etmegiň sanly ulgamyny işläp düzdi. Ol bu işi bilen şu ýyl ýaş alymlaryň arasynda geçirilen döwlet bäsleşiginiň ýeňijisi boldy.

Teklip edilýän akylly ulgamy düzmek üçin gerekli tehnologik gurluşlar Hytaý Halk Respublikasyndan ýörite sargyt edilip getirildi. Şeýlelikde, elektrik togunyň mukdaryny ölçäp bilýän tehnologik gurluş aşakdakylardan ybarat boldy:

1. «Makel» kysymly 1-fazaly elektron hasaba alyjy.

2. «Arduino UNO» mikrokontrolleri.

3. WSP8266 Wi-Fi moduly.

4. LCD – suwuk kristally displeý.

5. 5 woltluk rele moduly.

6. ACS712 kysymly 30 amperlik tok datçigi.

Sarp edilýän energiýa tok duýujy datçigiň üsti bilen hasaplanylýar. Has takygy, datçigiň üstünden akyp geçýän toguň mukdaryna laýyklykda, duýduryşlaryň generirlenmek hadysasy döreýär. Soňra şol duýduryşlar mikrokontrolleriň A0 portuna ugradylýar.

Bu datçik Holluň effektine esaslanyp işleýär. Ýagny üstünden I tok akyp geçýän geçiriji materialdan ýasalan plastinanyň perpendikulýar tekizligine we toguň ugruna H güýjenmeli magnit meýdany täsir edip, plastinada magnit meýdanynyň güýjenmesine hem-de tok güýjüne proporsional bolan elektrik hereketlendiriji güýç döreýär. Bu datçigiň generirleýän duýduryşynyň üsti bilen sarp edilýän elektrik energiýasyny hasaplamak üçin, ilki bilen, naprýaženiýanyň bahasy, soňra bolsa elektrik togunyň mukdary kesgitlenildi we mikrokontrolleriň programma üpjünçiligine degişli hasaplamalar ornaşdyryldy.

Netijede, ylmy işde elektrik energiýasynyň sarp edilişine aralykdan gözegçilik etmegiň usullaryna, şeýle-de mikrokontrollerli awtomatlaşdyrylan ulgamlary döretmegiň basgançaklaryna seljerme berilýär. Elektrik energiýasynyň sarp edilişine aralykdan gözegçilik etmegiň awtomatlaşdyrylan elektron gurluşy hödürlenýär. Taslamada teklip edilýän elektron gurluşyň kömegi bilen SMS hyzmatynyň üsti bilen gözegçilik etmek üçin mümkinçilik döreýär.

Bu nähili bolup geçýär? Elektroenergetika edarasyndan haýsy hem bolsa bir mobil telefon belgisi gurluşyň ýadynda saklanylýar. Soňra belli bir wagt aralygy berilýär. Wagty öz islegiňe laýyk sazlap bolýar. Ýurdumyzda elektrik togy üçin tölegler, adatça, aýda bir gezek kabul edilýär. Şonuň üçin hem täze enjamyň ýadyndaky wagt aralygyny 30, 31 güne sazlap bolýar. Görkezilen wagt tamamlanansoň, enjam şol wagt aralygynda sarp edilen elektrik energiýasynyň mukdary barada SMS habaryny ugradýar.

Bu habary elektrik togundan peýdalanýan müşderä hem ugradyp bolýar.

Ýaş alym bu işi mundan beýläk hem kämilleşdirmegiň üstünde işleýär. Ol bu ulgamy gaz ölçeýji gural hökmünde hem ulanyp boljakdygyny aýdýar.    

Dünýä Sahypamyz

Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!

Ýene-de okaň

ABŞ Türkmenistanyň bilim başlangyçlaryny goldamaga taýýar

Salgyt hukugy magistr derejesi boýunça Amerikanyň iň gowy 10 kukuk mekdebi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen VSO halkara guramasynyň wekilleri duşuşdy

Özbegistanda türki döwletleriň halkara uniwersiteti dörediler

SAT synagy we ýaşlar üçin ýokary bilim mümkinçilikleri

Amerikanyň iň gowy 50 Uniwersiteti :U.S. News Ranking 2025