Türkmenistanly sungat işgäri we häzirki wagtda Türkiýe Respublikasynda bilim alýan we sungat kärini dowam etdirýän Çynara Türkmenistanlylar Raýdaşlyk jemgyýeti bilen “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli geçirýän “Kitap okamagyň peýdalary” atly döredijilik bäsleşigine goldaw sözi geldi. Ýakynda 25 müň tiraž bilen “Bir umyt ýeterlik” atly özüniň ilkinji kitabyny neşir eden Çynara, döredijilik bäsleşiginde ilkinji 15-lige giren eserleriň awtoryna özüniň täze çykan “Bir umyt ýeterlik” atly kitabyny gol çekip poçtanyň üsti bilen iberjekdigini mälim etti. Türkmenistanlylar raýdaşlyk jemgyýetiniň dolandyryjylar geňeşiniň agzasy bolan Çynara ýakynda “Zarar Ettik”ady bilen täze aýdymyny muşdaklaryna sowgat edipdi.
Mälim bolşy ýaly, “Ata Watan Eserleri ” bäsleşiginiň täze tapgyry bu gezek Türkmenistanlylar Raýdaşlyk jemgyýeti bilen bilelikde geçirilýär we bäsleşigiň şertlerine görä, oňa diňe Türkiýede bilim alýan Türkmenistanly talyplar gatnaşyp bilýärler. Bäsleşikde ilkinji 15-lige giren eserleriň awtorlaryna jemi 10.500 Türk lirasy möçberinde pul baýraklary berilýär.