SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistanly lukman Moskwanyň iň gowy onkolog-lukmany boldy

Moskwada «Ak halatly gahrymanlar» atly lukmanlaryň Bütinrussiýa baýragynyň jemi jemlenildi. Şu ýylyň dowamynda portalda hassalardan iň köp ses alan lukmanlar we klinikalar baýragyň eýeleri boldular.

Moskwanyň A.S.Loginow adyndaky kliniki ylmy merkeziniň çanaklyk organlarynyň onkologiýa hirurgiýasy bölüminiň hünärmeni Muhammetsähet Saryýewiň «Moskwada iň gowy onkolog lukman» diýen ugurda birinji orny eýeländigi barada MKYM-niň metbugat gullugy habar berýär.

Onkolog lukman Muhammetsähet Saryýew 8 ýyldan gowrak wagtdan bäri kiçi çanaklygyň, garyn boşlugynyň we garyn boşlugynyň aňyrsyndaky giňişlikde dürli ginekologiki we abdominal patologiýalaryň giň spektrine açyk we miniinwaziw usul bilen hirurgiki gatyşmalary edip gelýär.

Muhammetsähet Saryýew 2013-nji ýylda Aşgabatda Türkmen döwlet lukmançylyk uniwersitetini tamamlady. 2013 — 2015-nji ýyllarda ordinaturada okady. 2018-nji ýylda Russiýanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň «N.N.Blohin adyndaky Milli lukmançylyk onkologiýa barlag merkeziniň» Federal Döwlet býujet edarasynyň aspiranturasyna girdi.

2015-2017-nji ýyllarda Saryýew Marynyň harby gospitalynyň «Ýörite hirurgiýa» bölüminiň müdiri, 2017-2018-nji ýyllarda Aşgabatda Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde ginekolog bolup işledi. Şu güne çenli Moskwanyň A.S.Loginow adyndaky kliniki ylmy merkeziniň çanaklygyň düýbüniň onkohirurgiýa bölüminde onkolog lukman bolup işleýär.

 

Russiýanyň işewür uçary görkezildi

 

Ýene-de okaň

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar