SPORT

Türkmenistanly kikboksçylar 10 medal gazandy

Türkmenistanly kikboksçylar Wengriýada geçirilen Dünýä kubogynda 10 sany medala mynasyp boldular. Olaryň üçüsi altyn, biri kümüş, altysy bolsa bürünç medallardyr. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär.

Dünýä kubogynyň resmi saýty ýaryşa 43 döwletden 2 müňden gowrak türgeniň gatnaşandygyny habar berdi.

Halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip gelýän türkmen türgenleri nobatdaky üstünliklerini Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Aleksandr Snagowskiniň ýolbaşçylygynda gazandylar.

Dünýä kubogynda hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna 54 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Atajan Atamyradow, 86 kilograma çenli agramda ýaryşan Hajymyrat Geldimämmedow we 91 kilograma çenli agram derejesinde Said Fakirow çykdy.

60 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşan Muhammetnazar Gurbannazarow kümüş medalyň eýesi boldy. Eziz Meredow (51 kilograma çenli), Pygy Sylabow (60 kilograma çenli), Mekan Begmämmedow (67 kilograma çenli), Goçmyrat Jumanyýazow (75 kilograma çenli), Serdar Mämmedow (86 kilograma çenli) we Gülzada Jorakulyýewa (65 kilograma çenli) ýaryşy bürünç medal bilen tamamladylar.

Geçen aýda türkmenistanly kikboksçylar Türkiýede geçirilen Dünýä kubogynda hem üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlaryň ençemesine mynasyp boldular.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler

Türkmen küştçüleri Buharada üstünlikli çykyş etdiler

Merkezi Aziýada ilkinji gezek suwdaky «Formula-1» dünýä kubogy Yssykköl sebitinde geçiriler

«Arkadag» topary bassyr ikinji ýyl Türkmenistanyň Kubogyny gazandy