JEMGYÝET

Türkmenistanly dünýä çempionlary “Toyota” kysymly awtomobil bilen sylaglandy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen sportuny ýokary derejelere çykarmaga, halkara sport ýaryşlarynda Türkmenistana wekilçilik edip, ýurdumyzyň sport ulgamynda gazanan ýokary netijelerini dünýä ýaýmaga, sport abraýyny belende götermäge, ýaşlaryň sporta bolan höwesini artdyrmaga goşan şahsy goşandyny nazara alyp, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan:

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby Alp Arslan Begenjowiç Begenjowa 2024-nji ýylyň 2-8-nji sentýabry aralygynda Ispaniýa Patyşalygynyň Pontewedre şäherinde erkin göreş boýunça 20 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen dünýä çempionatynda ýeňiji bolup, 1-nji orna we altyn medala mynasyp bolandygyny göz öňünde tutup, 2023-nji ýylda goýberilen, ak reňkli “Toyota Camry V6” kysymly ýeňil awtoulagy;

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Şahzadbek Haýitbaý ogly Matýakubowa 2024-nji ýylyň 19-28-nji sentýabry aralygynda Ispaniýa Patyşalygynyň Leon şäherinde agyr atletika boýunça ýaşlaryň arasynda geçirilen dünýä çempionatynda ýeňiji bolup,   1-nji orna we altyn medala mynasyp bolandygyny göz öňünde tutup, 2023-nji ýylda goýberilen, ak reňkli “Toyota Camry V6” kysymly ýeňil awtoulagy sowgat berildi.

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri: ählumumy “Energetika kodeksini” işläp taýýarlamagy teklip etdi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy: Ýakyn Gündogardaky gapma-garşylygyň giňelmegini goldamaýarys

Türkmen halkynyň Milli Lideri Awstriýa Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Rafael Grossi bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Ýakyn Gündogardaky ýagdaýlar sebite ýaramaz täsirini ýetirýär

Ata Watan Eserleri

Seulda «Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy» birinji Sammitine taýýarlyk görülýär