SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistandan Türkiýe ugry boýunça 2 ýörite uçar gatnawy

Türkmenistanyň “Türkmenistan” awiakompaniýasy Türkiýe ugry boýunça 2 sany ýörite uçar gatnawyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär.

Alnan habarlara görä, “Türkmenistan” awiakompaniýasy 2022-nji ýylyň 17-nji we 21-nji iýulda Aşgabat-Stambul-Türkmenabat ugry boýunça ýörite gatnawy amala aşyrmagy göz öňünde tutýar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan halkara gatnawlary kem-kemden ýola goýýar. Häzirki wagtda BAE-niň Dubaý, Russiýanyň Moskwa hem-de Tatarystanyň Kazan şäherlerine adaty gatnawlar ýola goýuldy.

Türkmenistandan Türkiýe ugry boýunça ýörite gatnawlary Türkiýäniň “Türkhowaýollary” awiakompaniýasy hem amala aşyrýar.

Bu awiakompaniýa soňky gezek şu ýylyň 2-nji iýulda Türkmenistan ugry boýunça ýörite gatnawyny ýerine ýetiripdi.

 

 

 

“GEPLEÝÄN” WE “EŞIDÝÄN” ILKINJI AKYLLY SÖZLÜK: MAKUL SÖZLÜK

 

Diplom ykrar etmek we daşary ýurtda bilim almak boýunça Resminamalaryň Terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezi

“Makul Terjime”  telefony:

+993 63 78 96 73 & : + 993 12 96 48 55

Aşkabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok, Makul Hyzmat Ofis, 4-nji gat, 401

E-mail salgysy : makulhyzmat@gmail.com

 

 

Türkmenistan-Özbegistan: resminamalar toplumyna gol çekildi

Ýene-de okaň

2025-nji ýylda dünýä boýunça halkara syýahatçylaryň sany 4 % artdy

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş çygrynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy pugtalanýar

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär