SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistan Russiýanyň 2 şäherine uçýar

Türkmenistanyň “Türkmenistan” awiakompaniýasy Russiýa Federasiýasynyň 2 şäherine ýagny Moskwa we Tatarystanyň Kazan şäherlerine adaty yzygiderli gatnawlary ýola goýdy. Bu barada awiakompaniýasynyň Russiýa Federasiýasyndaky resmi wekilliginiň saýtynda bellenilip geçilýär.

“turkmenistanairlines.ru” internet neşirindäki habara görä, Türkmenistandan Russiýa ugry boýunça yzygiderli adaty uçar gatnawlaryň sany 4-e ýetdi.

AŞGABAT-KAZAN-TÜRKMENABAT

“Türkmenistan” awiakompaniýasy tarapyndan Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň paýtagty Kazan şäherine gatnawlar 1-nji iýunda ýola goýuldy. 1-nji iýuldan gatnawlaryň sany artdyryldy.

Gatnaw tertibi:

  • çarşenbe günleri Aşgabatdan Kazana 14:55-de uçýar, Kazana 16:30-da barýar, yzyna Kazandan 18:30-da uçup, Türkmenabat şäherine 23:30-da gonýar.
  • ýekşenbe günleri Aşgabatdan Kazana 20:30-da uçýar, 22:05-de Kazana barýar. Kazandan 23:35-de uçýar, Türkmenabada 04:45-de gonýar.
  • AŞGABAT-MOSKWA-TÜRKMENBAŞY  

“Türkmenistan” awiakompaniýasy tarapyndan Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwa şäherine hem hepdede 2 gatnaw amala aşyrylar.

gatnaw tertibi:

  • sişenbe güni Aşgabatdan Moskwa 19:25-de uçýar we Moskwa 21:15-de barýar. Moskwadan 22:45-de uçýar we Türkmenbaşy şäherine 04:15-de gonýar.
  • penşenbe güni Aşgabatdan Moskwa 07:35-de uçýar we Moskwa 09:25-de barýar. Moskwadan 10:55-de uçýar we Türkmenbaşy şäherine 16:25-de gonýar.

Bellik: Kazan we Moskwa şäherlerindäki uçar gatnawlaryň wagty Russiýanyň wagty bilendir.

Biletleri almak üçin habarlaşmaly salgylar:
“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň Russiýa Federasiýasyndaky baş wekilligi: Salgysy: Russiýa Federasiýasy, Sankt-Peterburg şäheri, 8 (812) 4599899, mob tel: +79119300080.
elektron salgysy:mailto:avia@itmgroup.ru
Şeýle hem Moskwanyň Domodedowa aeroportundaky kassalardan alyp bolar.
https://www.atavatan-turkmenistan.com/asgabatdan-3-ugra-gundelik-otly-gatnawlary/

Ýene-de okaň

2025-nji ýylda dünýä boýunça halkara syýahatçylaryň sany 4 % artdy

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş çygrynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy pugtalanýar

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär